Bereket etrap medeniýet öýünde «Hemişelik Bitaraplyk — hoşniýetli ýörelgämiz» ady bilen dabaraly baýramçylyk çäresini geçirdik. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, etrapdaky orta mekdepleriň mugallymlary, medeniýet we sungat ussatlary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Baýramçylyk çäresinde ýurdumyzyň ösüşi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan umumadamzat ähmiýetli wezipeleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Üstünliklerimiziň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözleri aýdyldy.