Tejen etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky 30-njy orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp okuwçy ýaşlar, ýaş mugallymlar gatnaşdy.
Ýaşlary döwrebap bilimli, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, watançy, zähmetsöýer edip ýetişdirmek, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlar diňlenildi. Onuň barşynda ýaşlara watansöýüjilik, ahlak päkligi, asylly ýol-ýörelgelere eýermek boýunça gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.