Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
Şöhratly taryhyň we milli mirasyň ýaňy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenip, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu taryhy ýylda il-günümize ýapylýan sowgat-serpaýlar köňüllere ylham paýlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp kitaplaryň halkymyza peşgeş berilmegi türkmen edebiýatynyň sarpasyny has-da beýgeldýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň neşir edilen «Taryhy syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem il-günümiz üçin toý sowgady boldy.