«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»
2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahaty döwletimiziň berkararlyk binýadyny we kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Milli ýörelgelere esaslanýan we hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Jemgyýetimiziň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, Konstitusion kanun esasynda ykrar edildi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty: