Belent maksatlar rowaçlanýar

23 Sentýabr 2024
400

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen paýhasly ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýän zamanasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýy Arşa göterilýär. Eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň we sportuň mekany hökmünde ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp ösüşler barada gürrüň etmek diýseň ýakymly. Çünki Garaşsyzlygyň miweleri ata Watanymyzyň ähli ugurlarda ýeten belent sepgitlerinde aýdyň şöhlelenýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, oba hojalygyny, senagatyny, medeniýetini ösdürmek, saglygy goraýşy, bilimi we ylmy dünýä derejesine çykarmak, ägirt uly şäher gurluşygyny amala aşyrmak babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan gurluşyklaryň gerimi barha giňeýär. Gojaman Köpetdagyň eteginde sanlyja ýylyň içinde bina bolup, sebitde ilkinji «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri eziz Diýarymyzyň köptaraply ösüşleriniň aýdyň şaýadydyr. Ähli amatlyklary döredilen ýaşaýyş jaýlary, ylym, bilim ojaklary, häzirki zaman enjamlary ýerleşdirilen saglyk merkezleri, sport ulgamyna degişli desgalar täze şähere görk berýär.

Jemal JUMAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň öwreniji mugallymy.