Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyna, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp, 22-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Ol «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgesi — beýik geljegiň nusgalyk ýoly» diýlip atlandyryldy.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, bilim ministri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.