Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatynyň nurundan ýurdumyzda ozal raýatlygy bolmadyk 1280 adam baş baýramymyzy ykbalynyň iň uly sowgady bilen garşylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna gününde geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary bilen 1146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi we 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi belent sahawatyň täze miwesidir.
Hökümet mejlisinde hem nygtalyşy ýaly, geçen ýyllarda ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5018 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.