Ýollar asuda — durmuş abadan
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ildeşlerimiziň abadan, asuda we bagtyýar durmuşyny, saglygynyň goraglylygyny, ulag gatnawlarynyň artýan döwründe ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýaş nesillerde ünslüligi, ýurdumyzyň tebigatyny, ähli gözelliklerini söýmegi hem-de goramagy terbiýelemek babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bu babatda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda biraýlygyň yglan edilmegi Diýarymyzda indi asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýola goýlan şeýle asylly çäreler, ynsanperwer işler bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Her ýyl güýz paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabadyň köçelerinde ulaglaryň hereketi ýygjamlaşýar. Olaryň gatnawynyň artmagy bilen birlikde, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany hem barha köpelýär. Tomusky dynç alyş möwsüminden soňra mekdep okuwçylarynyň, mugallymlardyr talyplaryň täze okuw ýylyna girişmekleri, şeýle-de şu aýda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm çäreleriň geçirilmegi jemgyýetçilik gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrýar. Munuň özi ýollaryň asudalygyny we howpsuzlygyny, hereket bilen bagly gatnawlaryň kadaly bolmagyny üpjün etmek üçin sürüjileriň-de, pyýa