Aliment tölemegiň kadalary
Ajap eýýamymyzda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde jemgyýetimizde maşgala gatnaşyklarynyň kämil kanunçylygy kesgitlenen. Kodeksiň VI bölüminde maşgala agzalarynyň aliment tölemek borçlary bellenendir. Şu Kodeksiň 142-nji maddasynda bellenilişi ýaly, ata-eneler kämillik ýaşyna ýetmedik, kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz kömege mätäç bolan çagalary, şeýle-de bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça, ýöne 23 ýaşdan uly bolmadyk okaýanlary ekläp-saklamaga borçludyrlar. Şeýle hem çagalary ekläp-saklamagyň şertleri ata-eneler tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär. Ata-eneler (olaryň biri) şu Kodeksiň 19-njy babyna laýyklykda, çagalary ekläp-saklamak barada şertnama baglaşmaga haklydyrlar. Eger ata-eneler çagalaryny ekläp-saklamaýan bolsalar, olary ekläp-saklamak üçin serişdeler kazyýet tertibinde tutulyp alynýar.