Adamzat taryhynda ençeme açyşlar, oýlap tapyşlar amala aşyryldy. Dürli pudaklary öz içine alýan bu täze açyşlary has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hünärmenler yzygiderli zähmet çekýärler. Häzirki wagtda hut şol pudak bilen gyzyklanýan bolaýmasaň, ol zatlaryň özgeriş tizligine ýetişmek diýseň kyn. Şeýle gün-günden kämilleşýän enjamlaryň biri hem goşar sagatlarydyr.
Goşar sagatlarynyň taryhy bilen baglanyşykly ençeme maglumatlar bar. muňa garamazdan, taryhçylaryň aglabasy ilkinji goşar sagadynyň 1869-njy ýylda Patek Filip tarapyndan işlenilip düzülendigini belleýärler. 1880-nji ýylda Konstand Girard bu goşar sagadyny has-da kämilleşdirip, germaniýaly deňizçileriň takyk hereket etmeklerini gazanypdyr.