Ahal welaýat kitaphanasynda «Garaşsyzlyk — ganatymyz, bagtymyz» ady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli bolan duşuşyga kitaphana işgärleri hem-de okyjy ýaşlar gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşmaga gelenler, ilki bilen, baýramçylyk kitap sergisine aýlanyp gördüler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary serginiň özboluşly bezegi boldy. Kitaphana hünärmenleri sergide görkezilen kitaplaryň baý many-mazmuny we terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüň berdiler.