"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — ählumumy ulag diplomatiýasynyň başyny başlan we işjeň ilerledýän döwlet

Adamzat durmuşynda ulagyň näderejede ähmiýetlidigi barada nähilidir bir delil getirip gürrüň etmegiň zerurlygy ýok. Adamlaryň bir ýerden başga ýere hereket etmeginden, önümçilik zynjyrynyň doly derejede amala aşmagyna ýardam bermekden başlap, ulagyň islendik döwlet üçin ykdysady, syýasy, medeni-durmuş taýdan ägirt uly ähmiýeti bar. Şolaryň ählisi birleşip, ahyrky netijede, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, ýurtlaryň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşýar. Şu nukdaýnazardan, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça meseleleriň 90 göteriminiň gönüden-göni ulag ulgamy bilen bagly bolmagy hem tebigy ýagdaýdyr. Hut şu zerurlyklardan ugur alnyp, tutuş Ýer ýüzünde durnukly ulag ulgamyna, ulag diplomatiýasyny ilerletmäge döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda aýratyn orun berilýär. 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biz ählumumy ulag gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagymyzyň depginini birjik-de gowşatmazlygy göz öňünde tutýarys» diýip belläpdi. Bu sözleriň durmuş hakykatyna öwrülendigine geçen ýedi ýylyň dowamynda ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça milli we halkara derejede amala aşyrylan işleriň, öňe sürlen başlangyçlaryň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Diňe soňky günleriň wakalaryn

Şanly senä bagyşlandy

Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy derejesinde şu ýyl ilkinji gezek giňden bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitarap Türkmenistan bütindünýä durnukly ulag ulgamynda» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň, «Türkmen logistika ulgamy», «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň wekilleriniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda guralan maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan iri taslamalar, ulag ulgamynyň hukuk binýadyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ösüp barýan döwletler üçin ulagyň elýeterliligini üpjün etmek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler, esasan, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň orny, ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölegi hökmünde demir ýol ulaglarynyň ähmiýeti, ulag babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslary boýunça mowzuklara ünsi çekip, bu ugurlarda durmuşa geçirilen we geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda giňişleýin durup geçdiler.

Oňyn tejribe gazanylýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, jemgyýetimiz syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň, kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ylymly, bilimli, öz işine ussat, ýokary hünär derejeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamak möhümdir. Şu hakykatdan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň işine öňdebaryjy dünýä tejribesiniň, ylmyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi uly üstünlikleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Döwlet gullukçylarynyň, dolandyryş işine gatnaşýan hünärmenleriň hünär derejesi we ukyp-başarnyklary ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň rowaçlyga beslenmegine täsirini ýetirýän esasy şertleriň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýokary hünär derejeli döwlet gullukçylaryny kemala getirmek, döwleti dolandyrmagyň ylmy binýadynyň düýbüni tutmak maksady bilen döredilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ýurdumyzda döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň okuw usulyýetini ylmy taýdan öwrenmek, dünýä tejribesiniň bu ugurdaky gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýär.

Ýagty geljegiň hatyrasyna

Golaýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde ýaşlaryň orny» atly sebitleýin maslahat geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň wekilleri gatnaşdy. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde ýaşlaryň alyp barýan işleri barada bellenilip geçildi. Maslahatyň dowamynda ýaşlar üçin durnukly geljegi üpjün etmegiň möhümdigi we howanyň üýtgemeginiň bilelikdäki tagallalary talap edýändigi nygtaldy.

Asylly başlangyçlaryň bütindünýä ykrarnamasy

Geçen hepdede Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy ÝUNESKO tarapyndan 2024-2025-nji ýyllarda bellenip geçiljek şanly seneleriniň sanawyna goşulandygy hakynda hoş habar gelip gowuşdy. Bu hoş habar külli türkmeniň başyny gök diretdi. Häzirki günlerde ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebi we medeni dabaralar, hepdelikler giň gerime eýe boldy. Türkmeniň akyldar şahyrynyň döredijilik mirasy diňe bir öz halkymyzy ýa-da türki dilli milletleri däl, eýsem, dünýä halklaryny özüne çekýär. Çünki Magtymgulynyň şahyrana setirlerinde öňe sürülýän beýik ideýalar umumadamzat ähmiýetli pikirlerdir.

Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara forum geçirildi

26-njy noýabrda paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmek bilen, ähli ugurlar, şol sanda ulag ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edip, öz döredijilik mümkinçiliklerini bütin adamzadyň bähbidine doly peýdalanmaga ygrarlydygyny bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi.

Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy 2024-nji ýylda başlanyp biler

Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan demir ýolunyň gurluşygy geljek ýyl başlanyp biler. Bu barada Gyrgyzystanyň Ministrler kabinetiniň başlygy Akylbek Žaparowyň habar berendigini «Trend» mälim edýär. «Geosyýasat üýtgedi, bileleşikler hem başgaça ýagdaýda we päsgelçilikler ýüze çykdy. Hytaý eýýäm öz tarapyndan demir ýoluň Kazarmana çenli uzaýan böleginiň gurluşygyna başlady. Onuň Kazarmandan Jelal-Abada çenli bolan bölegini maliýeleşdiriş çeşmeleri Özbegistan bilen bilelikde kesgitlenildi diýen ýaly we eger muny gyş hem-de ýaz aýlarynda tamamlasak, geljek ýyl gurluşyk işlerine başlarys. Biz munuň üçin serişde gözleýäris» — diýip, Žaparow belledi.

Durnukly ulag ulgamy — durnukly ösüşe goşant

Aşgabatda halkara forum geçirildi Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Durnukly ulag ulgamy — durnukly ösüşe goşant

Aşgabatda halkara forum geçirildi Aşgabat, 26-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Ýer ýüzünde ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Türkmen-german işewürlik forumy: netijeli hyzmatdaşlyga tarap

20-nji noýabrda Berlinde Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň howandarlygynda Humboldt Carre Berlin kongres merkeziniň mejlisler zalynda Türkmen-german işewürlik forumy geçirildi. Iki tarapyň 200-den gowrak wekilini bir ýere ýygnan bu foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky topar, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hereket edýän 50-ä golaý Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. German tarapyna bolsa Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniňdir iri kompaniýalarynyň, şeýle-de ätiýaçlandyryş, howa gatnawlary, ulag-logistika, sanly ulgam boýunça maslahat beriş, dag-magdan we gurluşyk boýunça hyzmatlary, inženerçilik işleri, elektrik, senagat, aragatnaşyk enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň, oba hojalyk tehnikasynyň, ulag serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň önümçiligi, azyk, dokma, nebitgaz, himiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, programma üpjünçiligi ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan onlarça kompaniýalaryň agzalary wekilçilik etdiler. Türkmen-german işewürlik forumy iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Londonda Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine ýokary baha berildi

22-23-nji noýabrda Londonda geçirilen «Türkmenistan: maýa goýum we ösüş» atly foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti, onuň düzüminde ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, hususy telekeçiler gatnaşdylar. Iki günlük forumyň dowamynda ykdysadyýetiň soňky gazananlaryna bagyşlanan wideoroliklere, ikitaraplaýyn gepleşiklere aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow forumda eden çykyşynda ýurduň senagat baýlyklaryny, möhüm ugurlardaky geljegi uly taslamalary, maýa goýumlary üçin ygtybarly kanuny kepillikleri barada giňişleýin durup geçdi.

«Mars» kompaniýasy «Hotel chocolat» kompaniýasyny satyn alýar

«Mars Inc.» amerikan kompaniýasy premium şokoladyny öndüriji «Hotel Chocolat Group Plc» britan kompaniýasyny 534 million funt sterlinge (662 million amerikan dollary) satyn alýar. Geleşigiň şertine görä, «Mars» «Hotel Chocolat» paýnamalaryna geçen hepdäniň çarşenbe günündäki söwdalaşyk bahasyndanam (139 pens) 2,7 esse köp (375 pens) tölär.

Paýtagtymyzda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň halkara sergisi geçiriler

28 — 30-njy noýabr aralygynda ak mermerli Aşgabatda ilkinji gezek Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçiriler. Bu halkara sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň «Sofuar» kompaniýasy bilelikde guraýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek bu gözden geçirilişde milli ykdysadyýetimiziň innowasiýalara esaslanýan ösüş ýolunda gazanan ägirt uly sepgitleri, şeýle hem daşary ýurtly enjamlary öndürijileriň öňdebaryjy tejribeleri we işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

«C&A» egin-eşik dükanlar tory Ýewropada 100 sany dükan açmagy meýilleşdirýär

Belgiýanyň, Germaniýanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň egin-eşik dükanlar tory — «C&A» geljek üç ýylda geografiýasyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Has dogrusy, «C&A» Ýewropa ýurtlarynyň şäher merkezlerinde 100 sany täze söwda nokadyny açmagy maksat edinýär. Bu barada Germaniýadaky «C&A» egin-eşik dükanlar torunyň baş dolandyryjysy Karsten Horn mälim etdi. Onuň sözlerine görä, «C&A» egin-eşik dükanlary ýakyn 3 ýylda Rumyniýa, Polşa, Italiýa ýaly modanyň ösen ýurtlarynda, Germaniýanyň Gamburg, Berlin şäherlerinde peýda bolar. 2024-nji ýyla çenli bolsa Madrid, Amsterdam, Pariž, Milan şäherlerinde egin-eşik dükanlarynyň täze tapgyry müşderilere hyzmat edip başlar.

Britan ykdysadyýeti: düýnden ertire

XVIII asyrda Beýik Britaniýa dünýäniň senagat taýdan ösen ilkinji döwletidi. XIX asyrda tehnologiýa artykmaçlygy bilen dünýä ykdysadyýetinde möhüm orny eýeledi. Baryp-ha, 1870-nji ýylda dünýäniň jemi içerki önüminiň 9,1 göterimini tutdy. Geçen asyryň başlaryndan 40-njy ýyllary aralygynda ykdysadyýetinde birneme kynçylyklara sezewar bolýar. Şeýle-de bolsa XXI asyrda britanlar dünýäniň iň möhüm güýjüne öwrülýär. Ösen sosial bazar ykdysadyýeti bilen Beýik Britaniýa jemi içerki önümi boýunça dünýäniň 6-njy, satyn alyş güýji bilen 9-njy, adam başyna düşýän jemi içerki önümi bilen 21-nji döwleti hasaplanýar. Geografik taýdan kiçi ýurt bolandygyna garamazdan, 2022-nji ýylda 67 million ilaty we 3,1 trillion amerikan dollarlyk jemi içerki önümi bilen Ýewropada 2-nji ýeri eýeledi. Häzirki wagtda iňlisleriň esasy eksport harytlary mineral ýangyçlar, mehaniki enjamlar, çig nebit, altyn bolup, olar Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Niderlandlar Patyşalygyna, Germaniýa, Irlandiýa ugradylýar.

Türkmenistan we «Dragon Oil»: maýa goýum hyzmatdaşlygy

2000-nji ýyldan bäri «Dragon Oil» kompaniýasy Önümi paýlaşmak şertnamasy esasynda Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýar. Kompaniýanyň Türkmenistandaky esasy işi «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňziniň türkmen böleginde, Çeleken şertnamasynyň çäginde uglewodorod öndürmekden ybaratdyr. Kompaniýa 22 ýylyň dowamynda guýulary burawlamak hem-de önümçilik desgalaryny gurmak maksady bilen, 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak pul sarp etdi we 437 million barrel nebit çykardy. Häzirki wagtda kompaniýada 2 müňden gowrak hünärmen zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi türkmen raýatlarydyr. Kompaniýanyň baş direktory Ali Al Jarwanyň sözlerine görä, baş edarasy Dubaý şäherinde ýerleşýän «Dragon Oil Holdings» Türkmenistanda we Yrakda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek maksady bilen, çig nebit önümçiligini gündelik 120 müň barrele çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda eýeçiligindäki şahamçalarynda günde 180 müň barrel nebit öndürilýär we bu görkezijini 2026-njy ýyla çenli 300 müň barrele ýetirmek meýilleşdirilýär.

Näme üçin ýene Osaka?!

Sözbaşy tarp ýerden goýlan ýaly bolup biler. Ýöne işewürlik bilen iş salyşýan adamlar gürrüňiň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi bilen baglanyşygynyň bardygyny aňan bolsalar gerek. Hakykatdan-da, Ýer ýüzüniň 150-den gowrak ýurdunyň, iri halkara guramalaryň 25 sanysynyň millionlarça wekilini bir ýere jemlejek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin bu gezek ýene näme sebäpden Osaka şäheri saýlandyka? Taryha ser salanymyzda, Osakada mundan ozal hem «EKSPO» Bütindünýä sergisiniň geçirilendigini görýäris. Has dogrusy, dünýäniň iň abraýly sergisi bu şäherde iki gezek: 1970-nji ýylyň 15-nji marty — 13-nji sentýabry aralygynda «Adamzat üçin ösüş we sazlaşyk», şeýle-de 1990-njy ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabryna çenli «Tebigatyň we adamzadyň bilelikde sazlaşykly bolmagy» temasy bilen geçirildi. «Durmuşymyz üçin geljekki jemgyýeti döretmek» atly tema bagyşlanan bu gezekki dünýäniň iň iri gözden geçirilişi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda myhmanlary kabul eder. Deslapky maglumatlara görä, halkara sergä 30 milliona golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýel we Gün energiýasy arkaly işleýän dünýäde ilkinji ýüzýän balykçylyk hojalygy

Hytaýyň ýel energiýasyny işläp taýýarlaýan öňdebaryjy «Longyuan» kompaniýasy bilen «Shanghai Electric» turbina öndüriji kompaniýasy dünýäde ilkinji ýüzýän ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edilen balykçylyk hojalygyny işe goýberdi. Bu desga Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň Nanri adasynyň golaýynda ýerleşýär. «Longyuan» we «Shanghai Electric» kompaniýalary 2021-nji ýylda dünýädäki ilkinji akwa medeniýetli balykçylyk hojalygyny ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edip, suwa goýbermegi meýilleşdirýändigini mälim edipdiler. Ýüzýän energiýa platformasy Hytaýyň milli energetika meýilnamalarynyň resmi bir bölegi bolup durýar.

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Häzirki ajaýyp döwrümizde Türkmenistanyň öňe sürýän beýik başlangyçlary dünýäde belent ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyz umumadamzat bähbitli, durnukly ösüşiň aýdyň ugurlary esasynda belent maksatlar bilen dünýäniň nazaryny jemleýär. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň halk we umumadamzat bähbitlidigini aýdyň beýan edýär. Ynha, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde ilkinji gezek Bütindünýä durnukly ulag gününiň bellenilmegi hem aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde ýola goýulýan başlangyçlar aýratyn many-mazmuna eýedir. Ulag ulgamynda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek, bu babatda netijeli işleri alyp barmak esasy ugurlaryň biridir. Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmegi hem bu ugruň ösdürilmeginde tagallalary birleşdirmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýaly asylly ýörelgelerden ugur alýar.

Go­lun­da eý­ýa­myň be­ýik iş­le­ri

«7/24. tm» № 49 (184) 27.11.2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da ýo­ka­ry hü­när­li, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn, mak­sa­da ok­gun­ly, giň göz­ýe­tim­li, iň kä­mil in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra erk edip bil­ýän, döw­rüň tä­ze­lik­le­rin­den ha­bar­ly, äh­li ylym­lar­dan baş çy­ka­ryp bil­ýän ýaş­la­ry ter­bi­ýe­le­mek il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­len­di. Öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­lar esa­syn­da ýur­du­myz­da ýaş ra­ýat­la­ryň sag­dyn ös­me­gi hem-de ke­ma­la gel­me­gi, ola­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, dö­re­di­ji­lik­li iş­le­me­gi, alan bi­lim­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Şu ba­bat­da ýaş­la­ryň ara­syn­da dür­li ugur­la­ra gö­nük­di­ri­len bäs­le­şik­ler, ýa­ryş­lar, fo­rum­lar, mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.