20-nji noýabrda Berlinde Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň howandarlygynda Humboldt Carre Berlin kongres merkeziniň mejlisler zalynda Türkmen-german işewürlik forumy geçirildi.
Iki tarapyň 200-den gowrak wekilini bir ýere ýygnan bu foruma Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky topar, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hereket edýän 50-ä golaý Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. German tarapyna bolsa Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniňdir iri kompaniýalarynyň, şeýle-de ätiýaçlandyryş, howa gatnawlary, ulag-logistika, sanly ulgam boýunça maslahat beriş, dag-magdan we gurluşyk boýunça hyzmatlary, inženerçilik işleri, elektrik, senagat, aragatnaşyk enjamlarynyň, gurluşyk serişdeleriniň, oba hojalyk tehnikasynyň, ulag serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň önümçiligi, azyk, dokma, nebitgaz, himiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty, daşky gurşawy goramak, syýahatçylyk, programma üpjünçiligi ýaly dürli ugurlarda iş alyp barýan onlarça kompaniýalaryň agzalary wekilçilik etdiler. Türkmen-german işewürlik forumy iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.