Türkmenistan we «Dragon Oil»: maýa goýum hyzmatdaşlygy

26 Noýabr 2023
898

2000-nji ýyldan bäri «Dragon Oil» kompaniýasy Önümi paýlaşmak şertnamasy esasynda Türkmenistanda üstünlikli iş alyp barýar. Kompaniýanyň Türkmenistandaky esasy işi «Jeýtun» we «Jygalybeg» nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňziniň türkmen böleginde, Çeleken şertnamasynyň çäginde uglewodorod öndürmekden ybaratdyr. Kompaniýa 22 ýylyň dowamynda guýulary burawlamak hem-de önümçilik desgalaryny gurmak maksady bilen, 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak pul sarp etdi we 437 million barrel nebit çykardy. Häzirki wagtda kompaniýada 2 müňden gowrak hünärmen zähmet çekip, olaryň aglaba bölegi türkmen raýatlarydyr.

Kompaniýanyň baş direktory Ali Al Jarwanyň sözlerine görä, baş edarasy Dubaý şäherinde ýerleşýän «Dragon Oil Holdings» Türkmenistanda we Yrakda alyp barýan işleriniň gerimini giňeltmek maksady bilen, çig nebit önümçiligini gündelik 120 müň barrele çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda eýeçiligindäki şahamçalarynda günde 180 müň barrel nebit öndürilýär we bu görkezijini 2026-njy ýyla çenli 300 müň barrele ýetirmek meýilleşdirilýär.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».