Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy derejesinde şu ýyl ilkinji gezek giňden bellenilen Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Bitarap Türkmenistan bütindünýä durnukly ulag ulgamynda» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
«Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» agentlikleriniň, «Türkmen logistika ulgamy», «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň wekilleriniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyplaryň gatnaşmagynda guralan maslahatda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan iri taslamalar, ulag ulgamynyň hukuk binýadyny berkitmek babatda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň ösüp barýan döwletler üçin ulagyň elýeterliligini üpjün etmek bilen bagly öňe sürýän başlangyçlary baradaky çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler, esasan, halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň orny, ykdysadyýetiň möhüm düzüm bölegi hökmünde demir ýol ulaglarynyň ähmiýeti, ulag babatdaky gatnaşyklaryň hukuk esaslary boýunça mowzuklara ünsi çekip, bu ugurlarda durmuşa geçirilen we geçirilýän toplumlaýyn çäreler hakynda giňişleýin durup geçdiler.