Watana söýginiň belent ykrary
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli, belent maksatly işleri üstünlikli amala aşyryp, bagtymyzyň gözbaşy bolan Garaşsyzlygymyza guwanjyny, Watanymyza we halkymyza söýgüsini dabaralandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşini, halkymyzyň durmuş abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilen işler milli Liderimiz bilen halkymyzy jebisleşdirýär. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, Bitaraplygyny alyp bagta ýeten halkymyz Gahryman Arkadagymyza çuňňur hormat, belent sarpa goýýar, milli Liderimiziň durnukly ösüşe gönükdirilen, öňde goýýan wezipelerini amala aşyrmak üçin yhlasyny, ukyp-başarnygyny bagyş edip, tutanýerli zähmet çekýär. Bu zähmet joşguny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň durmuşa geçirilişinde yzygiderli dabaralanýar. Ýurt abadançylygynda, döwlet berkararlygynda, il agzybirliginde beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaraly baýram ediljek ýylynda bu zähmet we bagtyýarlyk mukamy has-da belent ýaňlanýar.