Arkadagyň yhlasyndan alyp bat, günbe-günden görke gelýär

9 Fewral 2021
1417

Irki döwürlerde ýat ýurda düşen adam şol ýurduň umumy ýagdaýyny bilmek üçin, ilki bilen, bazaryna barar eken. Şoňa görä-de gadym wagtlarda jahankeşdeleriň arasynda: «Haýsy ýurduň ykdysady ýagdaýyny, halkynyň ýaşaýyş derejesini biljek bolsaň, bazaryna baryp gör» diýen aýtgy döräpdir. Hawa, bu aýtgy gadym wagtda döräpdir. Häzirki döwürde welin, islendik adamda ilki barýan ýurduna bolan garaýyş heniz uçaryň üstündekä şineleýär. Mende şeýle pikir birki ýyllykda Stambuldan gelýän uçaryň Aşgabada ýetip, pessaýlan mahaly gapdalymda oturan iki sany türkiýeli ýolagçynyň uçaryň äpişgejiginden biri-birine ak mermer binalary görkezip: «Bak-da, bak, çoh, güzel-de, çoh güzel!» boluşlaryny gören pursadym peýda boldy. Çünki men türkmen paýtagty baradaky ýakymly duýgularyň olarda heniz uçaryň üstündekä dörändigine gözli şaýat boldum.

Şol pursat özümem biygtyýar olara goşulyp, äpişgejige örklendim. Bäh, ýurdumyzyň ýüreginiň gözelligini görsene! Gün ýaňy dogup, bütin barlygy süýt reňkine boýan çagy ol has-da owadan görünýär. Göýä diýersiň, türkmen paýtagtyna bir Gün däl-de, ýüzläp Gün gonup, çarýana nuruny saçýan ýaly bu wagt. Çünki ak mermer binalaryň hersiniň ýüzünde bir Gün peýda bolup, täze başlanýan güni has-da nurlandyrýardy.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
«Türkmen dünýäsi».