Paýtagtymyz — ak bagtymyz

10 Fewral 2021
1403

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň durmuş düzümini ösdürmek işleriniň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagy ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolup durýar. Ilatyň işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, döwrebap söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin zerur şertleriň döredilmegi ýaly asylly işler hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda milli Liderimiziň paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyrmagy hem muny dolulygyna tassyklaýar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzyň gözel künjeklerinde birnäçe binalaryňdyr desgalaryň, medeni dynç alyş zolaklarynyň gurluşygy dowam edip, olary Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şolaryň biri hem paýtagtymyzyň A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy meýilleşdirilýän ajaýyp seýilgähdir.

Nurmyrat BEŞEROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.