Anyk wezipeler kesgitlenildi

9 Fewral 2021
1455

Medeniýet, sungat we çeper döredijilik halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, milli miraslaryny aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda, şeýle hem adamlaryň aň-düşünjesini ýokarlandyryp, dünýägaraýşyny giňeltmekde, işjeňligini artdyryp, agzybirligini berkitmekde, tutuş halky beýik işlere galkyndyrmakda uly güýje eýedir. Şoňa görä-de, islendik halkyň islendik ulgamda gazanýan üstünlikleri, eýeleýän sepgitleri şol halkyň medeniýetiniň ösüş derejesi bilen baglydyr. Şeýle bolansoň, hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi gorap saklamak, halkymyza wagyz etmek, dünýä ýaýmak, döwrüň ruhuna laýyk täzeçe kämilleşdirmek işine aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň bu ulgamyň işini ýeke pursat hem ünsden düşürmän, medeniýet we sungat wekilleri, ýazyjy-şahyrlar bilen häli-şindi duşuşyp, olaryň işi bilen gyzyklanyp durýandygy-da, özüniň gyzyldan gymmatly maslahatlarydyr tabşyryklaryny berip, medeniýet ulgamynyň işiniň ilerlemegi üçin edýän anyk ýardamlary-da, döwletimiziň her ýyl bu ulgama köp möçberde maýa goýumlaryny gönükdirýändigi-de aňryýany bilen subut edýär.

Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlap, geçen ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiren iş maslahaty, onuň dowamynda bu pudagyň ýolbaşçylaryna beren anyk tabşyryklary hem hormatly Prezidentimiziň medeniýetimizi, sungatymyzy, milli žurnalistikamyzy, çeper döredijiligimizi ösdürmek ugruna berýän ägirt ünsüniň, ýakyn ýardamynyň iň täze mysallaryndandyr.

«Türkmen dünýäsi».