Mertebesi belent tutulýar
Etrek etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap geňeşi bilen bilelikde 7-nji çagalar bagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Maşgalanyň edebi — öý-ojagyň sarpasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresini guradyk. Onda çykyş edenler eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zenanlara belent hormat-sarpa goýulýandygy, olara durmuşda ähli ýeňillikleriň döredilýändigi, nesil terbiýesinde zenanlaryň orny, olaryň ata Watanymyzyň ösüşlerine goşýan mynasyp goşandy barada buýsançly gürrüň etdiler. Çärä gatnaşyjylar zenanlaryň mertebesini belentde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, halk bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.