Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti tarapyndan ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli önümçilik kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlary iş ýerinde gutlamak boýunça ýörite çäre geçirildi. Munuň üçin şäherimizdäki önümçilik kärhanalarynyň birnäçesinde bolup, olarda zähmet çekýän zenanlary gutlap, baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdyk.
Bu baýramda zenanlary sarpalamagyň belent nusgasyny görkezýän hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem olaryň armasyny ýetirip, baýramçylyk bilen gutlaýarlar. Şu gezekki çäräniň başyny Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodyndan başladyk. Bu kuwwatly kärhanada häzirki wagtda 1400-den gowrak işgär zähmet çekýär. Şolaryň 330-dan gowragy gelin-gyzlardyr. Ýokary we ýörite bilimli zenan hünärmenleriň eliniň yzyny kuwwatly kärhananyň ähli bölümlerinde diýen ýaly görýärsiň. Jumagül Mämmedowa, Maýa Annatulaýewa, Zöhre Orunowa ýaly durmuşynyň köp bölegini bu zawodyň işine bagyşlan halypa zenanlar ýaşlara-da görelde görkezýärler. Işbaşarjaň, ýaş gelin-gyzlaryň hatarynda Ogulnabat Agamyradowa, Gülşirin Hanyýewa ýaly hünärmenleriň atlaryny agzap bileris. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan we Kazanyň Milli barlag tehnologiki uniwersitetinden uçurym bolan gyzlar bu ýerde 2015-nji ýyldan bäri zähmet çekip gelýärler. Zawodda ýaş hünärmenleriň 50-den gowragy zähmet çekýär, olaryň arasynda ýaş gelin-gyzlaryň hem sany ep-esli bar. Zenanlar bu ýerde, esasan, barlaghanalarda we beýleki agyr zähmeti talap etmeýän bölümlerde zähmet çekýärler. Zawodda bolmagymyzyň çäklerinde biz olaryň birnäçesine baýramçylyk sowgatlaryny gowşurdyk.