Saglyk ýörelgesi — durmuş kadasy

5 Mart 2021
1080

Sagdyn jemgyýet öz köküni sagdyn maşgaladan alyp gaýdýar. Şu ýörelgäni wagyz etmek maksady bilen Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn maşgala ― sagdyn nesil» atly telebäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik uly ruhubelentlige beslenip, onuň esasy aýratynlygy 8 we şondan köp çagaly maşgalalaryň gatnaşmaklaryndan ybarat boldy. Olar sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Bäsleşige gatnaşan her bir maşgala agzasy ezberligini, çalasynlygyny ähli ugurlarda işjeň ýagdaýda görkezdi. Ýaryş diýseň şowhunly, gyzykly boldy. Çünki oňa gatnaşan bäsdeşler sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýändiklerini, sport bilen yzygiderli meşgullanýandyklaryny görkezdiler.

Çekeleşikli geçen ýaryşda Halaç etrabynyň Baý geňeşliginde ýaşaýan Agajan Söýegowdyr Almagül Tuýgunowanyň bagtyýar maşgalasy bäsdeşlerinden saýlanmagy başardy. Olar sportuň dürli görnüşlerinde öz ezberliklerini görkezmegi başardylar. Ýaryşyň ýeňijisi Agajan aga maşgalasynyň şatlykly pursatlaryny biziň bilen paýlaşdy:

Maral AKMYRADOWA.
ýörite habarçymyz.