Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we ylmy işläp taýýarlamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak, sanly aragatnaşyk ulgamynyň öňünde döwlet Baştutanymyzyň goýan wezipelerini doly ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi şol bir wagtda Diýarymyzda giňden ornaşdyrylýan sanly ulgamyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge hem gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu merkeziň alyp barýan işiniň esasy ugry ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.