"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne...»

Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelen akyldar şahyrymyzyň «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýen setirleri hemmämize mälimdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şahyryň ady diňe tahallusy bilen däl, eýsem, ýylyň şygary bilen birlikde «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip tutulýar. Bu şahyrana ýylda ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ählisiniň ilkinji okuw sapagy akyldar şahyra bagyşlandy. Sapagyň temasy: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym

Golaýda Boldumsaz etrap häkimliginiň, oba hojalyk pudagyna degişli edara- kärhanalaryň, medeniýet, bilim bölümleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk buýsanjym — bagtyýarlyk guwanjym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Çäşembaý Samaýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Tekebaý Duşemow, TDP-niň etrap komitetiniň bölüm müdiri Şatlyk Abdyrahmanow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Öwez Paltabaýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Çary Kakabaýew dagy çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda bagtyýarlygyň nurana menzillerinde durmuşymyza ornan ajaýyplyklaryň dowamly gerimi, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösüşleriň täze rowaçlyklary bilen öňe alyp gitmek, halkymyzyň medeni we maddy durmuşyny barha gowulandyrmak barada edýän taýsyz tagallalary barada bellediler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ata-babalarymyzyň, merdana pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlaryny wysal edendigini nygtadylar. Garaşsyzlygyň halkymyza öz pikir-düşünjelerini, türkmençilik ýoluny, müňýyllyklardan bäri sünnäläp gelýän ýörelgelerini dünýä wagyz etmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilik açandygy barada uly buýsanç bilen aýdyldy.

Garaşsyzlyk — halkyň beýik ykbaly

Türkmenabat şäherindäki 2-nji saglyk öýünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri gatnaşdylar. Dabarada edilen çykyşlar Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barlan beýik işlere, ýetilen belent sepgitlere bagyşlandy. Hormatly Prezidentimiziň bu ulgamda amala aşyrýan giň möçberli özgertmeleri, ynsan saglygy, şeýle-de lukmanlaryň iň döwrebap şertlerde işlemekleri üçin edilýän aladalar dogrusynda durlup geçildi.

Şanly toýuň şanyna

Türkmenabat şäherindäki «Türkmenistan» toý-dabaralar merkezinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli şu guramanyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň we welaýat ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda göreldeli zähmet çekýän işçi-gullukçylar, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabara baş baýramymyz bolan Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlaglar bilen başlandy. Gutlaglarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen beýik sepgitler barada buýsançly söhbet edildi we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özlerine döredilýän giň şertler üçin köp sagbolsun aýdyldy.

Aýdym-sazly dabara

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy Golaýda etrap medeniýet öýünde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda “Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap medeniýet öýüniň işgärleri gatnaşdylar.

Watanymyz berkarar, halkymyz bagtyýar

Şu günler şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň hormatyna berkarar Watanymyzda dürli çäreler, baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Medeni ojaklarda — teatrlarda, kinokonsert merkezlerinde, medeniýet köşkleridir öýlerinde geçirilýän aýdym-sazly dabaralar watandaşlarymyzyň baýramçylyk keýpiçaglygyny has-da belende göterýär. Medeniýet we sungat ussatlary, halk döredijilik toparlary toý dabaralaryny özleriniň joşgunly çykyşlary bilen bezeýärler. Ahal welaýat ýörite sungat mekdebinde hem şanly toýumyz mynasyp sowgatly garşylanýar. Mekdebimiziň bagtyýar talyp ýaşlarynyň taýýarlan aýdym-sazlary, halk döredijilik çykyşlary şu günler baýramçylyk sahnalaryna özboluşly öwüşgin çaýýar. Talyplarymyzyň ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynda, milli ruha beslenen tans we halk döredijilik çykyşlarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda milli sungatymyzyň ýeten belent derejesi özboluşly beýanyny tapýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşleriniň, Watanymyzyň gözellikleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň joşgunly waspy bolup ýaňlanýan aýdym-sazly çykyşlar toý dabaralarymyzda ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny has-da goşalandyrýar.

Dokma toplumynda geçen baýramçylyk maslahaty

Kaka etrabyndaky Kaka dokma toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. “Garaşsyzlyk — bagtymyz” atly maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi gurady. Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlyk gününiň uludan bellenilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdiler hem-de geçen gysga taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylan asyrlara barabar işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň hem-de dokma toplumynyň işçi-hünärmenleriň gatnaşmagynda geçen dabarada Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhyndaky beýik wakalar, ösüşler we özgertmeler, ajaýyp üstünlikler hakda aýdylanlar ýakymly duýgulary peşgeş berdi. Bagtyýar ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglarydyr buýsançly gürrüňleri dabara gatnaşyjylarda uly täsirleri döretdi.

Garaşsyzlyk buýsanjymyz

Baýramlaryň naýbaşysy, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Gysga döwürde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.

Garaşsyzlyk göwünleriň ganaty

— Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan rowaçlyklaryň ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Baş baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni ýüreklere ylham, kalplara joşgun bagyşlap, uly toý dabaralaryna, şatlyk-şowhuna beslenýär. Muňa «Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan üstünlikleriň guwançly netijeleriniň mysalynda-da –aýdyň göz ýetirmek bolar. Zähmetsöýer halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna uly zähmet sowgatlary bilen geldi.

Halkymyzyň we mähriban Watanymyzyň waspy

22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy. Aýdymda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyza buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Lebap welaýatynyň häkimligine Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Bekaryk obasynda 400 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy bilen umumybilim berýän mekdep üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, olaryň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak işlerini ýerine ýetirmek şertinde şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we umumybilim berýän mekdebi 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Halkymyzy we mähriban Watanymyzy wasp edip

Aşgabat, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy. Aýdymda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyza buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.

Halkara derejesinde ykrar edilýän tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar

22-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy. Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen täze şäheri ösdürmegiň meselelerini, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. ***

Garaşsyzlyk – berkararlyk aýdymym

Garaşsyzlyk - bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň, uly üstünlikleriň döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen uly ösüşler halkyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Bu ösüşler ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmy esasda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär we täze üstünliklere ruhlandyrýar. Häzirki ajaýyp günlerimizde beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyll

Halkymyzy we mähriban Watanymyzy wasp edip

Aşgabat, 22-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly,//Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Munuň şeýledigine şu konsertiň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Konsert maksatnamasy «Halkymyzyň çüwen bagty Arkadagly Serdarym» atly aýdym bilen açyldy. Aýdymda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Soňra dabara ussat aýdymçylar tarapyndan ýerine ýetirilen «Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz» atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen dowam etdi. Onda halkymyzyň döwlet Baştutanymyza buýsanjy şahyrana dilde beýan edildi.

Röwşen geljegiň nusgalyk ýoly

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgesi — beýik geljegiň nusgalyk ýoly» atly maslahat geçirildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, bilim ministri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha belende galýar.

Belentden ýaňlanýar bagtyň owazy

Garaşsyzlygyň galkynyşly gadamlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly, halkyň Arşa göterilen ykbaly düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen konsertde belent wasp edildi. Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhas ummanyndan joşgun alan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründen ylhamlanyp, şirwan perdä galan medeniýet we sungat ussatlarynyň owazy bagtyýarlygyň buşlugy bolup ýaňlandy. Konsertdäki çykyşlar bitewülikde parasatly döwlet Baştutanymyzyň halka daýanyp, halkyň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň waspnamasyna öwrüldi.

Biziň döwrümiz

Ýyllara many-mazmun çaýýan, olaryň taryhdaky ornuny pugtalandyrýan we ähmiýetini artdyrýan zat ymgyr köp çekilýän zähmetdir. Ýöne bu zähmet her günde ýa-da her sagatda däl, eýsem, her minutda il-ýurt hakynda edilýän dynuwsyz aladalar bilen gurşalmalydyr. Diňe şonda döwrüň keşbi düýpli özgermäge ukyplydyr. Bu beýik wezipäni taryhyň öňe çykaran, halkyň goldan şahsyýetlerine amala aşyrmak başardýar. Häzir Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler, iri taslamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallalary bilen baglydyr. Munuň özi türkmen döwletiniň häzirki zaman taryhynda täze ösüş tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyryp, biz ony «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýip atlandyrýarys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwrümiziň görnükli ýaş syýasatçysy hem-de döwlet işgäri hökmünde giňden tanalýar. Türkmenistanlylar döwlet Baştutanymyza uly hormat goýýarlar. Şunda hormatly Prezidentimiziň tanymal syýasy işgär, talapkär ýolbaşçy we ökde guramaçy hökmünde halkyň arasyndaky abraýynyň möhüm orun eýeleýändigi düşnüklidir. Gahryman Prezidentimiz ynamly çözgütleri, aýgytly hereketleri, oýlanyşykly kararlary, şahsy göreldesi bilen adamlary, şol sanda ýaşlary töwereginde jebisleşdirip, beýik işlere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkyň ynamy bilen üstüne ýüklenen ägirt uly borjuň hem-de jogapkärçiligiň näderejede uludygy

Halkyň jebisligi ýurduň rowaçlygydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşlere eýe bolup, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly toýdur baýramlara beslenýär. Taryhy wakalar ýurdumyzyň raýatlaryny belent maksatlara, giň gerimli işlere ruhlandyrýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga niýetlenen uly tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda mähriban Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri iňňän guwandyryjydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy has-da belende göterildi.