«Tagzym edýäs zer ýalkymly pikirine-küýüne...»

23 Sentýabr 2024
330

Döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelen akyldar şahyrymyzyň «Magtymguly diýip adym tutsalar» diýen setirleri hemmämize mälimdir. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şahyryň ady diňe tahallusy bilen däl, eýsem, ýylyň şygary bilen birlikde «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip tutulýar. Bu şahyrana ýylda ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ählisiniň ilkinji okuw sapagy akyldar şahyra bagyşlandy.

Sapagyň temasy: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy».

Ogulnabat BEGENJOWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.