Garaşsyzlyk – berkararlyk aýdymym

23 Sentýabr 2024
335

Garaşsyzlyk - bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik ösüşleriň, uly üstünlikleriň döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilen uly ösüşler halkyň buýsanjyna buýsanç goşýar. Bu ösüşler ylym-bilim ulgamyndaky üstünlikler, milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki ylmy esasda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär we täze üstünliklere ruhlandyrýar. Häzirki ajaýyp günlerimizde beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Şeýle toýly günlerde ýurdumyzyň dürli künjeginde dabaralar, täze binalaryň gurlup ulanmaga berilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýle ähmiýetli binalar ýurdumyzyň ähli künjeginde, welaýatlarda, etraplarda, obalarda gurulýar. Munuň özi ýurdumyzda toýlara sowgatly barylýandygyny aýdyň beýan edýär.

Gülendam RAHMANOWA,
Çärjew etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň mugallymy, TDP-niň ilkinji guramasynyň başlygynyň orunbasary.