Röwşen geljegiň nusgalyk ýoly

23 Sentýabr 2024
408

Düýn Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgesi — beýik geljegiň nusgalyk ýoly» atly maslahat geçirildi. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyna, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, bilim ministri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanyp, Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy barha belende galýar.

(Ýörite habarçymyz).