"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şanly wakalar bilen şöhratlanýan zamana

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryha zer harplarda ýazylýan şanly wakalary biri-birine ulaşýar. Il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň aýdyň güwäsine öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini hem şol wakalaryň hatarynda buýsanç bilen görkezmek bolar. Türkmen halkynyň bagtyýar, abadan, eşretli durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşleriň hem-de rowaçlyklaryň ýoly bilen öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan umumymilli forumda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly çykyşlary «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryň berkarar döwletimiziň müdimilik ýörelgesidiginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Taryhy mejlisde kabul edilen ilhalar çözgütler ýurdumyzyň ähli taraplaýyn ösüşini, halkymyzyň eşretli, sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde döwletimiz tarapyndan ägirt uly aladalaryň edilýändigini ýene bir ýola görkezdi.

Bagtyýar geljege barýan ösüşli menziller

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bu gün dünýä ýüzünde parahatçylygyň,  ynanyşmagyň, asudalygyň, dost-doganlygyň, bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy hökmünde giňden tanalýar. Şeýle buýsançly hakykatyň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeleri durýar. Agzybir, zähmetsöýer halkymyz bu ýörelgelere eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşleri gazanýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli geljegi, bagtyýar durmuşy ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň şirin miwelerine bu gün raýatlaryň her biri öz durmuşynyň mysalynda aýdyň göz ýetirýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler sanardan köp. Ösüşleriň, özgerişlikleriň belent sepgitlerine çykýan ata Watanymyzda munuň, hakykatdanam, şeýledigini her ädimde aýdyň görýäris. Röwşen geljegimiz bolan ýaşlar barada uly alada edilip, ýaş nesilleriň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ojaklarynda bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin ähli amatly şertler döredilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlaryna ylmyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Güneşli Diýarymyzyň dünýä ýüzünde at-abraýyny, mertebesini beýgeltmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokar

Dürdäne eserden ruhlanyp

Welaýat köpugurly hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jiltiniň çapdan çykmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahat lukmanlaryň täsirli çykyşlaryna beslendi. Olaryň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, täze kitabyň neşir edilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygyna, tutuş halkymyza özboluşly sowgat boldy. Lukman Arkadagymyzyň bu ylmy-ensiklopedik işi ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi hem-de halk lukmançylygynyň gadymy däpleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilendir. Milli Liderimiziň ençeme ýyl ozal başyny başlan ylmy işiniň dowamy bolan täze kitaby aýratyn ähmiýete eýedir. Bu düýpli ylmy iş Gündogar lukmançylygynyň, görnükli tebipleriň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribelerini öz mazmunynda jemleýär.

Ýürekleriň buýsanjy Watan

Baş baýlygyň goragynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda halkyň saglygyny goramaga aýratyn uly üns berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýerine ýetirilen beýik işler il-halkymyzyň alkyşyna mynasyp boldy. Paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi şanly ýylyň taryhy wakalarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ilata ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Iri saglygy goraýyş merkezleriniň gurulmagy, olaryň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi raýatlaryň saglygynyň goralmagyna we dürli keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Döwrüň täze belentliklerine tarap

Halkymyzda «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň miras goýan gymmatlyklaryna ygrarlylyk, bagtly geljek üçin täze başlangyçlar örboýuna galyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda merdana halkymyzy uly sepgitlere alyp barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda pederlerimiziň arzuwlan bagtyýar zamanasy dowamat-dowam bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, ykbaly göterilen türkmeniň bu gün at-owazasy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän nusgalyk işler dünýä dolýar. Häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygynyň ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy alyp barmagyň, oňyn halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilmegi parlament diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisi, türkmen-koreý geňeşme maslahatyny, parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny hem-de «Ykdysady hyzmatdaşlyk, san

Bagtyýar çagalygyň ýurdunda

Milli Liderimiziň eneligi we çagalygy goramakda, sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetleri kemala getirmekde başyny başlan beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Döwletimizde enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmak, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermek maksady bilen kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde ýaş nesiller üçin durmuşda iň oňaýly şertler döredilýär. Bular dogrusynda şu günler edara-kärhanalarda zähmetkeşleriň arasynda, şeýle-de raýatlar toparlary bilen geçirilýän duşuşyklarda täsirli söhbetler edilýär. Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda sagdyn ruhly, edepli we arassa ahlakly, milliligimize hormat goýýan nesilleri terbiýelemek işine hemmeleriň jogapkärçilikli çemeleşmekleri ündelýär. Şeýle hem döwletimizde türkmen halkynyň ruhy we ynsanperwerlik ýörelgeleri netijesinde çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, goramak, hossarsyz galan çagalary durmuş ulgamyna çekmek, olar hakynda aýratyn alada etmek ugrunda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilýär.

Goşandymyzy goşmak — borjumyz

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilen bagly anyk wezipeler kesgitlenendir. Hormatly Prezidentimiz biziň — talyp ýaşlaryň kämil bilim alyp, ösen tehnologiýalardan baş çykarmagymyz, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmagymyz barada yzygiderli aladalanýar. Munuň üçin hemme şert-mümkinçilikleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni we jemgyýetçilik-syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Döwletimizi çalt depginde ösdürmek, ykdysady taýdan kuwwatlandyrmak boýunça ençeme maksatnamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, olary taýýar önüme öwürmek üçin ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalary guruldy we kämil önümçilik ýola goýuldy. Şeýle bolansoň, talyp ýaşlara hem döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmak galýar. Geljekde özümize bildirilýän belent ynamy ödemek üçin ökde hünärmenler bolmagy öz öňümizde borç edinýäris.

Asyrlardan aşan taglymlar

döwürlere we nesillere ýörelge bolýar Indi üç asyr bäri halkymyzyň ruhy dünýäsi Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen dem alýar. Çünki akyldar şahyr hemmeleriň göwnünde tagt gurdy. Dana Pyragynyň hormatyna dürli ýerlerde onuň ýadygärlik heýkelleri dikildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň belent ýadygärligini öz içine alýan medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Bu toplumyň çäginde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň oturdylmagy bolsa akyldaryň eserlerinde beýan edilen dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Beýik şahyryň hormatyna Magtymguly adyndaky halkara baýrak, «Magtymguly Pyragy» medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi. Şu ýylyň iýunynda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bularyň ählisi türkmeniň beýik oglunyň şahsyýetine, umumadamzat ähmiýetli döredijiligine goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Alkyşa mynasyp döwletli tutumlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan il-ýurt bähbitli özgertmeler guwandyryjy üstünliklere beslenip, öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň bilen birlikde, şeýle özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar we abadan durmuşy, sagdyn ýaşaýşy hakynda taýsyz tagallalar edilýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär. Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda hem ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giň gerimli dabaralar bilen bellenildi. Baýramçylyk günlerinde geçirilen dürli çäreler, täze saglygy goraýyş edaralarynyň açylyşlary diňe bir saglygy goraýyş işgärlerinde däl, ähli halkymyzda uly ruhubelentlik, çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi. Çünki şol wakalar ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklady.

Dost-doganlygyň Diýary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli babatda gülläp ösýär, Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhraty arşa göterilýär, halkara başlangyçlary gyzgyn goldawa eýe bolýar. Geljek, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy halkara derejede giňden bellenip geçiler. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edildi. Bu bolsa geljek ýylyň hem şöhratly wakalara baý boljakdygyny aňladýar.

Döwletliligiň binýady

Mähriban Watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy giňden we dabaraly bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryny myrada gowşuryp, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy türkmen halkyny baky bagta eýe etdi. Şonuň üçin halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açylyp, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-umytlary hasyl boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, durmuşa geçirýän aýdyň maksatnamalary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, geljegimizi has-da belentliklere göterjek öňdengörüjilikli sepgitleri nazarlaýar. Bularyň her biri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň ajaýyp görkezijileridir.

Alyslary ýakynlaşdyrýan tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, tehnologiýa babatda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Konsepsiýada innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribelerinden peýdalanmaga aýratyn üns berilýär. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kärhanasy aragatnaşyk ulgamynyň amatly we giň gerimli hyzmatlaryny yzygiderli artdyrmak bilen, sanly ulgama geçiş döwrüniň oňyn netijelerine eýe bolýar.

Mary welaýaty: giň gerimli ösüşler

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde Mary welaýaty hem uly ösüşlere eýe boldy. Welaýatyň ilaty eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny täze zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Mary sebitinde giň gerimli özgertmeler dowam edýär. Welaýatyň her bir şäheri, her bir etraby, ilatly nokady sebitiň we ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşandyny goşýar. Täze ýollar we täze jaýlar

Bildirişler

Joraguly Hudaýberdiýewiň UAZ 452 D kysymly, AB 9890 LB döwlet belgili awtoulagynyň LB-0139770 belgili bellige alyş güwänamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Resmi habar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny, baky Bitaraplyk derejämize ygrarlylykda alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatymyzy, bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň taryhy özgerişlerini, bagtyýar halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, şöhratly taryhymyzy, gözel tebigatymyzy, milli ýol-ýörelgelerimizi kämil eserleriň üsti bilen beýan edýän, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge uly goşant goşýan zehinli döredijilik işgärlerini ýüze çykarmak, olaryň iň ussatlaryny saýlap-seçmek hem-de höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bäsleşige höwes bildiren daşary ýurt raýatlary hem gatnaşyp bilerler. Bu bäsleşigiň ýeňijileri bellenilen ugurlar boýunça kesgitleniler. Şeýle-de onuň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigi, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda “Çalsana, bagşy!” bäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşigi yglan edildi.

Milli demokratiýanyň mizemez binýady

24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi, onuň yzysüre bolup geçen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň dabaralary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary üçin hem buýsandyryjy wakalara beslendi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de birleşmesi belent maksatlara ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen ýyllarda hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň işleriniň gerimini has-da giňeltmekleri bu ugurdaky döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, netijede, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek ileri tutulýan möhüm wezipelerdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu ugurda özgertmeleri dowam etdirmek bilen baglanyşykly täze başlangyçlar öňe sürüldi.

Döwürleriň hem göwünleriň binýady

Hawa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň oktýabr aýynyň 15-ine Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen dabara gatnaşanlar hut şeýle duýgy-pikire gaplandylar. «Magtymguly Pyragynyň mirasy — parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň binýady» atly maslahat sanly gün mundan ozal, gözel Aşgabatda dana şahyr, beýik filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly ýokary derejeli forumyň logiki dowamyna meňzedi.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň abadançylygyny gazanmak biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygyna bagtyýar durmuşyň, abadançylygyň hem-de Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň kepili hökmünde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda döwrebap saglyk merkezleriniň yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýändigi hem halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýylyň 4-nji oktýabrynda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek; Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezini; Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini döretmek; Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda onkologiýa hassahanalarynyň gurluşygynyň taslamalaryny maliýeleşdirmek hakynda Kararlara gol çekmegi hem ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek barada giň g

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

Hormatly saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri! Sizi hünär baýramyňyz — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp baýramyň şanyna geçiriljek dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde gazanylýan uly üstünliklere buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyzlyk — halkyň bagtyýarlygy

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler bolup geçdi. Täze jemgyýetçilik gatnaşyklary emele gelip, türkmen halkyna müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli, ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikler döredi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tutumlary özünde jemleýän giň möçberli maksatnamalary netijesinde ýurdumyzda pajarlap ösýän asudalyk dünýä jemgyýetçiligi bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine badalga bolýar. Hormatly Prezidentimiziň paýhasly başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda alnyp barylýan öňdengörüjilikli, hoşniýetli syýasaty netijesinde dünýäniň ençeme döwletleri, iri halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlyklaryň gerimi barha giňeldilýär.