Bagtyýar çagalygyň ýurdunda

23 Oktýabr 2024
231

Milli Liderimiziň eneligi we çagalygy goramakda, sagdyn, ruhy taýdan kämil şahsyýetleri kemala getirmekde başyny başlan beýik başlangyçlary hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Döwletimizde enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlaryň kemala gelmegini gazanmak, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermek maksady bilen kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde ýaş nesiller üçin durmuşda iň oňaýly şertler döredilýär. Bular dogrusynda şu günler edara-kärhanalarda zähmetkeşleriň arasynda, şeýle-de raýatlar toparlary bilen geçirilýän duşuşyklarda täsirli söhbetler edilýär.

Şeýle ähmiýetli çärelerde edilýän çykyşlarda sagdyn ruhly, edepli we arassa ahlakly, milliligimize hormat goýýan nesilleri terbiýelemek işine hemmeleriň jogapkärçilikli çemeleşmekleri ündelýär. Şeýle hem döwletimizde türkmen halkynyň ruhy we ynsanperwerlik ýörelgeleri netijesinde çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmek, goramak, hossarsyz galan çagalary durmuş ulgamyna çekmek, olar hakynda aýratyn alada etmek ugrunda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilýändigi bellenilýär.

Toýly AKMYRADOW,
Kerki etrap kazyýetiniň kazysy.