Döwrüň täze belentliklerine tarap

23 Oktýabr 2024
325

Halkymyzda «Owal akan ýerinden akarmyş aryk» diýilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň miras goýan gymmatlyklaryna ygrarlylyk, bagtly geljek üçin täze başlangyçlar örboýuna galyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda merdana halkymyzy uly sepgitlere alyp barýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda pederlerimiziň arzuwlan bagtyýar zamanasy dowamat-dowam bolýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, ykbaly göterilen türkmeniň bu gün at-owazasy, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän nusgalyk işler dünýä dolýar.

Häzirki wagtda parlament hyzmatdaşlygynyň ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy alyp barmagyň, oňyn halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýandygyny bellemek gerek. Paýtagtymyzda, Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň geçirilmegi parlament diplomatiýasynyň yzygiderli ilerledilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisi, türkmen-koreý geňeşme maslahatyny, parlamentara dostluk toparlarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny hem-de «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň netijelerini gowşatmak ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümleri öz içine alan duşuşyklar bu ugurdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gepleşikler meýdançasy bolup hyzmat etdi.

Aýsoltan NURMEDOWA,
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri.