"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Resmi habar

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwer däp-dessurlaryndan ugur alyp, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde Täjigistan Respublikasyna berildi.

Ajaýyp sowgat

Türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, bagtyýar şu gününe hem-de nurana geljegine buýsanjy egsilmezdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda hem Watanymyzyň şöhratly geçmişi baradaky gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň taryhyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatynda köp tagallalar edýän Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlarynyň täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berendigini belleýär. Bu kitap «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky üçin ajaýyp sowgatdyr. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu kitaby ýazmakdan maksadym, türkmen we daşary ýurtly okyjylarymy ýurdumyzda alnyp barylýan il-halk bähbitli işleriň geriminiň giňligi, tagallalarynyň beýikligi bilen tanyşdyrmakdan, şeýle hem olary beýik döwletimiziň bagtyýar hem-de ajaýyp geljegi üçin belent işlere ruhlandyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtaýşy ýaly bu kitap diňe taryhçylar üçin däl-de, Türkmenistan barada ygtybarly maglumatlara baýdygy sebäpli ähli okyjylar üçin gymmatlydyr, göwünleri galkyndyrýan ruhy çeşmedir.

Saglyk sahawaty — ynsanperwerligiň belent nusgasy

Şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Geçen gysga döwrüň içinde haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen baglanyşykly ençeme sahawatly işleriň durmuşa geçirilendigi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda dünýä nusgalyk ynsanperwerlik ýörelgeleriniň has-da rowaçlanýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda bu barada buýsançly bellenilýär.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat — Duşenbe, 4-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

Halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp jümle bar. Munuň özi saglygyny ähli zatdan ileri tutýan halkymyzyň paýhas hazynasynyň dürdänesi bolup, sagdynlygyň diňe bir adamlar üçin däl, eýsem, döwlet üçin hem iňňän uly gymmatlykdygyny aňladýan hakykatdyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky işler üstünlikli amala aşyrylýar. Köpetdagyň ajaýyp eteginde ýerleşýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk ilkinji «akylly» şäherde, ýagny Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglygy goraýyş desgalary munuň aýdyň mysalydyr. Ajaýyp şäherimizdäki dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän bu desgalarda ilatyň saglygynyň dikeldilmegi we berkidilmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Şeýle saglygy goraýyş edaralarynyň biri-de Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir.

Ynsan saglygynyň goragynda

Berkarar Watanymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn ýaşamagyny, saglygyny dikeltmegini, talabalaýyk dynç alyp, bedenini berkitmegini üpjün etmek üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzyň ýerleşýän ýeriniň howa-klimat şertleri, tebigy gurşawynyň amatlyklary we egsilmez baýlyklary bilen tapawutlanýan şypahanalary hut şeýle maksada gulluk edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýan şypahanalar immuniteti pugtalandyrmakda, adamlaryň umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, dowamly ýa-da hirurgiki bejergiden soň saglygy dikeltmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hut şonuň üçin «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda şypahana hyzmatyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek esasy wezipeleriň biri hökmünde öňde goýulýar.

Berkarar döwletiň belent sepgitleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň abadançylygyny we gülläp ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge  gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Her bir ulgamda durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň sazlaşykly ösýän asuda we parahat döwlet hökmünde dünýädäki belent abraýyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ýangyç-energetika ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini özgertmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleri, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy. Şeýle hem şu ýylyň 15 — 19-njy apreli aralygynda BMG-niň Durnukly ösüş hepdeligine, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak, forumyň dowamynda «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habar

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 3-nji apreli. «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

Ruhy päkligiň mizemez çeşmesi

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän möhüm ugurlaryň biri bolup, onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Milletiň ruhy mirasynyň bölegi hökmünde ata-babalarymyzyň dini ynanjy her bir türkmen raýaty üçin gymmatlydyr. Türkmenistanda dünýewi döwletiň gurulmagy we onuň kemala gelmegi Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň dine uýmak erkinligine bolan hukugy, şeýle hem olaryň dine bolan garaýyşlaryna garamazdan, kanunyň öňündäki deňligini kesgitleýär. Esasy Kanunymyzda beýleki dinlere hormat goýmak, däp-dessurlary berjaý etmek, dine uýmak erkinligi meselesinde özara düşünişmegi ündeýän ýörite kadalaryň hereket edýändigini nygtamak zerur. Bu ýörelgeler dürli milletleriň arasynda agzybirligi saklamakda-da uly ähmiýete eýedir. Şunda esasy maksat ruhy taýdan sagdyn, adalatly jemgyýeti gurmakdan ybaratdyr.

Ykdysady kuwwatyň dabaralanmasy

Mälim bolşy ýaly, 3-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumynyň sergisi öz işine başlady. Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini, kuwwatyny we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljekki ösüş ugurlaryny aýdyň şöhlelendirýän bu sergä baryp gördi. Bu waka ýurdumyzyň önüm öndürijilerini belent maksatlara ruhlandyrdy. Telekeçilik, işewürlik, önüm öndürmek, söwda we hyzmatlar — peýda bolan mümkinçilikleri görmek we haýal etmän, şol mümkinçiliklerden peýdalanmak sungaty, ukyby. Biziň şertlerimizde bolsa aýdyň görünýän mümkinçilikleriň uly toplumy ýaýylyp ýatyr. Onsoň şeýle ýagdaýda bu sungatyň ussatlary önümleriň iň ýokary hillisini, hyzmatlaryň iň ýokary derejesini hödürlärler. Munuň şeýledigini gündelik durmuşymyzda, her sekuntda görýäris. Ýaňy-ýaňylaram hökman daşary ýurtdan getirilmelidir öýdülen gündelik sarp edilýän önümlerdir serişdeler indi bizden daşary ýurda gidýär. Ine, bu hakykat iň guwandyryjy hakykatdyr. Ýurdumyzyň söwda nokatlaryna ýa-da şular ýaly sergilere aýlananyňda, bu hakykat döwrümiziň adalaty bolup dabaralanýar. Galyberse-de, döwlet Baştutanymyzyň bu sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ö

Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwerlik, köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýan mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimiz  hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen döwlet syýasaty bilen has döwrebap mazmuna beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda ýurdumyzda we dünýäde alyp barýan sahawatly işleri munuň aýdyň mysalydyr. 

Milli kanunçylykda raýatlaryň hukuklary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek, şol sanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, hukuk bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamy has-da kämilleşdirilýär, yzygiderli kanunlar kabul edilýär, ozalky hereket edýän kanunlara degişli tertipde üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem döwrebap kanunlary kabul etmekde dünýä tejribesi öwrenilýär. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun 62 maddadan ybarat bolup, onuň maksady administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, onuň ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly hukuk kadalarynyň esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär. Şeýle hem «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda administratiw edara, administratiw nama we onuň görnüşleri, administratiw önümçilik barada düşünjelere kesgitleme berilýär.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Taryhy hem medeni ojak Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolan wakalaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda bu taryhy waka mynasybetli dabara geçirildi. Göz öňüne tutulan çäreleriň çäklerinde dünýä jahankeşdeleriniň, türki halklarynyň bu milli aýratynlyklarymyz bilen tanyşmagyna hem-de ajaýyp şäheriň taryhy bilen bagly maglumatlary içgin öwrenmegine uly mümkinçilik döredildi.

Syýahatçylyk — geljegi uly ugur

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Şwesiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Şri-Lankanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýahatçylyk ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolup durýar. Baý taryhy mirasymyzy nazara alanyňda, türkmen topragyny «açyk asmanyň astyndaky täsin muzeý» diýip atlandyryp bolar. Syýahatçylyk, netijeli dynç alyş boýunça dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ony işjeň peýdalanmak Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň düzümleriniň kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Aýawly saklanýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalarynyň ýurdumyza dünýäniň syýahatçylyk bazarynda barha möhüm orna eýe bolup, bu ugurda halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Duşenbede resmi saparda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy. Onda parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Duşuşyga iki ýurduň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, parlament işi hemişe anyk maksatlara hem-de wezipelere — adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmak, olaryň döwlet işlerine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmek, möhüm çözgütleri kabul etmek maksatlaryna esaslanýan döredijilikli işdir. Şoňa görä-de, kanun çykaryjylyk babatda tejribe alyşmak, birek-biregiň gazanýan üstünliklerini öwrenmek we olardan peýdalanmak, toplanan tejribäni oýlanyşykly ulanmak örän wajypdyr. Şunda Türkmenistanyň we Täjigistanyň sebitleýin formatdaky parlamentara meýdançalaryň işine işjeň gatnaşýandyklaryny bellemek gerek. 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali hem gatnaşypdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Resmi habar

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1-nji derejeli ýurist Bäşim Çarygulyýewiç Ýalkabow Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

Häzirki zaman meýilleri we innowasion çözgütler

3-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär. Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Ilçi işe başlady

3-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Sloweniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Darýa Bawdaž Kuretden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi.