Ruhy päkligiň mizemez çeşmesi

4 Aprel 2024
232

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän möhüm ugurlaryň biri bolup, onda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny hem-de bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Milletiň ruhy mirasynyň bölegi hökmünde ata-babalarymyzyň dini ynanjy her bir türkmen raýaty üçin gymmatlydyr.

Türkmenistanda dünýewi döwletiň gurulmagy we onuň kemala gelmegi Esasy Kanunymyzda öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Konstitusiýasy her bir adamyň dine uýmak erkinligine bolan hukugy, şeýle hem olaryň dine bolan garaýyşlaryna garamazdan, kanunyň öňündäki deňligini kesgitleýär. Esasy Kanunymyzda beýleki dinlere hormat goýmak, däp-dessurlary berjaý etmek, dine uýmak erkinligi meselesinde özara düşünişmegi ündeýän ýörite kadalaryň hereket edýändigini nygtamak zerur. Bu ýörelgeler dürli milletleriň arasynda agzybirligi saklamakda-da uly ähmiýete eýedir. Şunda esasy maksat ruhy taýdan sagdyn, adalatly jemgyýeti gurmakdan ybaratdyr.

Kakajan ÖWLÜÝÄGULYÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň kazysy.