Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

5 Aprel 2024
388

Halkymyzda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlen ajaýyp jümle bar. Munuň özi saglygyny ähli zatdan ileri tutýan halkymyzyň paýhas hazynasynyň dürdänesi bolup, sagdynlygyň diňe bir adamlar üçin däl, eýsem, döwlet üçin hem iňňän uly gymmatlykdygyny aňladýan hakykatdyr. Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky işler üstünlikli amala aşyrylýar.

Köpetdagyň ajaýyp eteginde ýerleşýän, sebitde deňi-taýy bolmadyk ilkinji «akylly» şäherde, ýagny Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen saglygy goraýyş desgalary munuň aýdyň mysalydyr. Ajaýyp şäherimizdäki dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän bu desgalarda ilatyň saglygynyň dikeldilmegi we berkidilmegi üçin ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Şeýle saglygy goraýyş edaralarynyň biri-de Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir.

Bahar ORAZMYRADOWA,
Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň direktory.