Milli kanunçylykda raýatlaryň hukuklary

4 Aprel 2024
348

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ösen döwletleriň derejesine ýetirilmegi hem-de halkyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmek, şol sanda adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, hukuk bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamy has-da kämilleşdirilýär, yzygiderli kanunlar kabul edilýär, ozalky hereket edýän kanunlara degişli tertipde üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Şeýle hem döwrebap kanunlary kabul etmekde dünýä tejribesi öwrenilýär.

2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun 62 maddadan ybarat bolup, onuň maksady administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, onuň ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly hukuk kadalarynyň esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär. Şeýle hem «Administratiw önümçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda administratiw edara, administratiw nama we onuň görnüşleri, administratiw önümçilik barada düşünjelere kesgitleme berilýär.

Täzegül PATIÝEWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Berkararlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.