"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda eden çykyşy

(Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 25-nji fewraly) Hormatly deputatlar!

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp, «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Şu baýram mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmagynda, ýurdumyzyň daşary syýasaty halkara giňişliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpewrer ulgamlaryny ösdürmekde uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy derejesinde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp garşylamak üçin uly möçberli daşary-syýasy çäreleri amala aşyrar. Maslahatda ýurdumyzda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň bu öňdengörüjilikli strategiýasy hem-de öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa mynasyp bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama şol başlangyçlaryň wajypdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kararnamada Türkmenistanyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etme

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäheçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy öz çykyşynda alabaýlaryň türkmen halkynyň diňe bir kömekçisi, emlägiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülendigini belledi. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen alabaýlarynyň dünýäniň dürli ýurtlarynda bar bolan gorag itleriniň hatarynda öňdäki orunlara mynasypdygyny nygtadylar. Şeýle hem çykyş eden hünärmenler we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Weterinar lukmançylygy» fakultetiniň maldarçylyk kafedrasynda täze hünäriň — kinologiýa hünäriniň açylandygyny, talyplaryň bu hünäri ilkinji gezek özleşdirmek boýunça degişli bilim alýandyklaryny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynd

Watana gulluk etmek mukaddes borçdur

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň gün tertibine laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada beren hasabatlaryny diňläp, ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de parahatçylygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge, döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine gözegçilik etmäge hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmaga degişli soraglaryň birnäçesi hem-de beýleki ugurlar boldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada MAGLUMAT Balkan welaýaty boýunça

Amanow Annatagan Taganmämmedowiç, 1974-nji ýylyň 2-nji fewralynda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Çaloýuk geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen. 1981 — 1991-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky 8-nji orta mekdepde okady.

Ýurdumyz kuwwatly ― gadamlar batly

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Milli Liderimiz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimini hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýeri göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Türkmen alabaýy — wepalylygyň özboluşly nyşany

Milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça maslahat geçirildi Halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny saklamak hem-de dünýäde giňden wagyz etmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Muňa 2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda milli itşynaslyk sungatyny kämilleşdirmek boýunça geçirilen maslahat hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ak bagtyň nury Aşgabat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hususan-da, gözel paýtagtymyz Aşgabatda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, köpugurly medeni we durmuş maksatly binalaryň toplumy gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu işleriň netijesinde, ajaýyp gözelligiň nusgasyna öwrülen paýtagtymyz Merkezi Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Munuň özi baş şäherimizi ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanýar. Baş şäherimiz ýurdumyzyň dolandyryş, senagat we ylym-bilim merkezidir. Bu ýerde önümçilik, durmuş we medeni maksatly desgalaryň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabatda gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar we binalar hem doly tassyklaýar.

Kämil kanunçylyk — döwletiň kuwwaty

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynda, ýurdumyzy ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösdürmek ugrunda il bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden häzirki zaman türkmen jemgyýetini dünýä ösüşleriniň belentliklerine galdyrmak maksady bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmelere badalga berdi. Taryh üçin gysga döwürde ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkara abraýynyň has-da belende galmagy üçin döwletli işler durmuşa geçirildi. Ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 25-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşdy. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda milli kanunçylygyň birnäçe ugurlary boýunça hukuk kadalaryny kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada tabşyryklar berildi. Munuň özi ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň barha pugtalanýandygyny, bu ugurdaky işleriň geljekde hem mynasyp dowam etdiriljekdigini görkezýär. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz «Döredijilik birleşikleri hakynda», «Ýerli öz-özüňi d

Göwünleri göteren görnüşler

Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek we ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Milli Liderimiz Aşgabady ösdürmegiň degişli inženerçilik we ýol-ulag düzümini, täze desgalaryň bezeg aýratynlyklaryny, olaryň ýanaşyk çäkleriniň abadanlaşdyrylyşyny öz içine alýan täze taslamalar bilen tanyşlygynyň barşynda medeni aň-bilim edaralarynyň taslamalaryny hem synlady. Olaryň hatarynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýörite sazçylyk mekdebiniň, medeniýet we sungat mekdebiniň, mejlisler we konsertler zalynyň, okuwçylar üçin niýetlenen umumyýaşaýyş jaýlarynyň, üsti ýapyk sport toplumynyň hem-de açyk sport meýdançasynyň taslamalary bar. Milli binagärligiň we häzirki zaman ösüşiň sazlaşykly utgaşmasyndan emele gelen bu ajaýyp taslamalaryň keşbinde milli medeniýetimiziň we kämil ylym-bilimiň özboluşly öwüşginleri duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet we sungat ulgamyna degişli desgalarda döredijilikli işlemek, ýaşlaryň sungat dünýäsine çuňňur aralaşmagy üçin zerur şertleriň döredilmegini, binada häzirki zaman enjamlarynyň, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny bellemegi bolsa, täze toplumlaýyn binalaryň ýokary hilli we aňrybaş derejede guruljakdygyndan habar berýär.

Türkmen alabaýynyň güni: senenamada täze baýramçylyk

2-nji martda paýtagtymyzdaky Sport myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramyny we itşynaslarymyzy sylaglamak maksady bilen, hormatly atlary döredip bermegi hem-de «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» medalynyň döredilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Onda milli gymmatlygymyz hasaplanylýan alabaýlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga degişli döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli alada edýär. Türkmeniň ahalteke bedewi, nepis halysy bilen birlikde, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyz alabaý itleriniň özboluşly häsiýetlerini, beden gurluşynyň aýratynlyklaryny, müňýyllyklara uzaýan taryhyny we dünýäde olara bolan gyzyklanmany nazara alyp, bu tohum itleriniň milli gymmatlyk hökmünde ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda alabaý itleriniň abraýynyň artdyrylmagy babatda döwlet derejesinde tagalla edilýär. Bu ugurda 25-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi uly mana eýedir. Bu baýram her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde b

Şanly senäniň şanyna

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň geçip barýan her bir güni bizi mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabat şäheriniň gününe barha golaýlaşdyrýar. Şu mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherinde baýramçylyklary mynasyp garşylamak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişini yzygiderli gözegçilikde saklaýar we adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly şertleri döretmek, öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm üns berýär.

Oňyn özgertmeler ýoly bilen

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň ikinji aýy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy we ykdysady strategiýasynyň, giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň täze subutnamalaryny äşgär etdi. 1-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň barşy bilen tanyşdy.

Öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşilmelidir

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça milli Liderimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip, bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň we paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de şanly senelere taýýarlyk görlüşine garaldy. Döwlet Baştutanymyz gün tertibindäki meselelere geçip, Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň binagärlik keşbini gözelleşdirmäge gönükdirilip bina edilýän iri, täze desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Milli mirasymyza belent sarpa

2-nji martda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Sport myhmanhanasynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda dabara geçirildi. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda hormatly Prezidentimiziň kitaplary we beýleki çeper eserler görkezildi. Alabaý hormatly Prezidentimiziň edebi döredijiliginiň aýratyn mowzugy bolup durýar. Milli Liderimiziň şahyrana zehini netijesinde, milletiň buýsanjy bolan ahalteke bedewleri bilen birlikde alabaýlaryň gaýduwsyzlygynyň, wepadarlygynyň waspy ýetirilýär.

Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

2-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn resminamalara onlaýn tertipde gol çekmek dabarasy boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda bilelikde maliýeleşdirmek hakynda Ylalaşyga, şeýle hem Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we ÝUNFPA arasynda 2021-nji ýyl üçin “Ýaşlaryň milli ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmäge hem-de gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak” taslamasynyň çäklerinde Iş meýilnamasyna gol çekildi.