Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi

4 Mart 2021
1235

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp, «Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi» atly ylmy maslahat geçirildi. Şu baýram mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda belleýşi ýaly, Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmagynda, ýurdumyzyň daşary syýasaty halkara giňişliginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanpewrer ulgamlaryny ösdürmekde uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy derejesinde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp garşylamak üçin uly möçberli daşary-syýasy çäreleri amala aşyrar.

Maslahatda ýurdumyzda köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň bu öňdengörüjilikli strategiýasy hem-de öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa mynasyp bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama şol başlangyçlaryň wajypdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kararnamada Türkmenistanyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy berkidildi. Özüniň many-mazmuny boýunça ýurdumyzda yglan edilen şu ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygary BMG-niň Kararnamasy bilen doly sazlaşýar.