Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň şäher infrastrukturasyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Hususan-da, gözel paýtagtymyz Aşgabatda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, köpugurly medeni we durmuş maksatly binalaryň toplumy gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu işleriň netijesinde, ajaýyp gözelligiň nusgasyna öwrülen paýtagtymyz Merkezi Aziýanyň merjen şäherine öwrüldi. Munuň özi baş şäherimizi ösdürmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde saklanýar. Baş şäherimiz ýurdumyzyň dolandyryş, senagat we ylym-bilim merkezidir. Bu ýerde önümçilik, durmuş we medeni maksatly desgalaryň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýar. Munuň şeýledigini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanjak «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabatda gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalar we binalar hem doly tassyklaýar.