2-nji martda paýtagtymyzdaky Sport myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramyny we itşynaslarymyzy sylaglamak maksady bilen, hormatly atlary döredip bermegi hem-de «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» medalynyň döredilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Onda milli gymmatlygymyz hasaplanylýan alabaýlaryň ösdürilip ýetişdirilmegine, mynasyp derejede taýýarlanylmagyna, dünýä derejesinde şan-şöhratyny artdyrmaga degişli döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüň edildi.
Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli alada edýär. Türkmeniň ahalteke bedewi, nepis halysy bilen birlikde, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar. Gahryman Arkadagymyz alabaý itleriniň özboluşly häsiýetlerini, beden gurluşynyň aýratynlyklaryny, müňýyllyklara uzaýan taryhyny we dünýäde olara bolan gyzyklanmany nazara alyp, bu tohum itleriniň milli gymmatlyk hökmünde ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki wagtda alabaý itleriniň abraýynyň artdyrylmagy babatda döwlet derejesinde tagalla edilýär. Bu ugurda 25-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi uly mana eýedir. Bu baýram her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler. Munuň özi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki diňe türkmen halky öz wepaly dostunyň şanyna ýörite baýramçylyk döredýär. Bütin dünýäde şeýle tejribäniň henize çenli ýokdugyny nygtamak bolsa, aýratyn buýsandyryjy ýagdaýdyr.