Beýik ösüşleriň binýady
Türkmen obasyny toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşi gönüden-göni oba adamlarynyň ýaşaýşy hem-de öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin zerur bolan amatly şertleri döretmek bilen baglanyşyklydyr. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň» çäklerinde amala aşyrylan giň gerimli işler muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerinde täze obalary hem öz içine alýan düzümler döredilýär. Munuň üçin uly serişdeleri goýbermek bilen hünärmenleriň netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýerli öz-özüňi dolandyryş düzümlerini ösdürmek ugrunda yzygiderli işleri alnyp barylýar.