Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15 Mart 2021
950

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.