Şanly seneleriň şanyna

15 Mart 2021
764

Şu ýyl mähriban halkymyz ýurdumyzyň iň täze taryhynyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazyljak şanly seneleri — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem-de ak mermerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamalara hem-de meýilnamalara laýyklykda, bu ajaýyp baýramçylyklary mynasyp garşylamak we şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary hem-de çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin häzirden ykjam taýýarlyk görülýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň beýleki şäherdir obalarynda taýýarlyk işleri giň gerime eýe boldy.

Ýene-de sanlyja günlerden halkymyz Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyny dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde hem bu baýramçylyga taýýarlyk görlüşi barada aýratyn durlup geçildi. Bu baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

«Aşgabat».