Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm wezipeleri kesgitlenildi

14 Mart 2021
852

11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde öňdebaryjy maliýe institutlarynyň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýeti diňe haýallyk bilen ösüş ýoluna düşýär. Dünýä ykdysady bazarlarynda durnuksyz ýagdaý dowam edýär. Şeýle hem ösen ykdysadyýetli ýurtlarda-da ösüş depgininiň az-kem peselýändigi duýulýar. Şeýlelikde, çylşyrymly daşarky geosyýasy şertler emele gelýär.

«Mugallymlar gazeti».