Jemgyýetiň öňdebaryjy güýji
Döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim almagy üçin ähli şertleri üpjün etmek, zehinli ýaşlara goldaw bermek, ýaşlaryň beden we ruhy ösüşine gönükdirilen şertleri döretmek işleri maksatnamalaýyn amala aşyrylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Bu resminamalarda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, olaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmäge, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen giň çäreler bellenilýär. Ýaş nesli watançylyk, raýat jogapkärçiligi, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, ýaş maşgalalary goldamak babatdaky wezipelere uly üns gönükdirilýär. Ýaşlary işe ýerleşdirmegi gowulandyrmak maksady bilen, täze önümçilikleri, işleriň görnüşlerini we iş ýerlerini döretmäge gönükdirilen çäreleriň toplumyny işläp taýýarlamak hem baş wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirmek, şol sanda daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini çuňlaşdyrmak wezipelerine-de uly orun degişli bolup durýar.