Esger haty
Düýşüme oglan bäbejigiň girmegi meni diýseň begendirdi. Ejem pahyr aýtmyşlaýyn, şeýle düýş hökman bir hoş habary getiräýmelidi. «Entek aýlyk geçmegine-hä ep-eslije gün bar. Tüweleme, goňşymyzyň toý sähedini alanyny çagalar düýn buşlady. Gaýynatasyna tiken akgaýmasyny dynandygyny aýdyp, gelnimiziň meni begendirenine ýaňy iki gün geçdi. Alla janym, elmydama begenenden bolubereli-dä, hernä!» diýip, içimi gepledip oturyşyma, birden ýadymy bir zadyň gyjyklaýandygyny duýdum. «Hatlar, gazetler» diýip, daşymdan seslendim-de, çaltlyk bilen poçta gutymyzy barlamaga howlukdym. Pagtaçylar aýtmyşlaýyn, «pagtadan depip doldurylan haltalar» ýaly diýdirýän bukja gözüm düşübem, düýşümiň oraşan gelendigine tolgunyp gitdim. «Şükür Alla, oglumdan hat gelipdir, esger balamdan hat gelipdir» diýibem, bukjany açmaga durdum. Göwnüme bolmasa, mähirlije balamyň ellän sahypalarynyň ýylysy meniň barmaklaryma geçip, ýüregimi eredýän ýalydy. Onuň mydam gülüp duran ýüzüni, merdemsi keşbini, göni seredýän göreçlerini ýatlap oturyşyma, hatlaryň bir däl-de, üçdügine göz ýetirdim. Dessine-de özüme degişlisini alyp, okamaga durdum. «Salam, mähriban käbäm! Ýagşymy taplaryňyz? Sag-aman işläp ýörsüňizmi, kakam, doganym, gelnejemdir jigilerim gurgunçylykmy? Maňa bu gözel dünýäni peşgeş berip, durmuşyň dogry ýollaryny öwredip, ösdürip ýetişdireniňize müň keren taňryýalkasyn aýdyp, siz bilen ýürek buýsançlarymy paýla