Esger haty

10 Fewral 2021
1304

­­Düýşüme oglan bäbejigiň girmegi meni diýseň begendirdi. Ejem pahyr aýtmyşlaýyn, şeýle düýş hökman bir hoş habary getiräýmelidi. «Entek aýlyk geçmegine-hä ep-eslije gün bar. Tüweleme, goňşymyzyň toý sähedini alanyny çagalar düýn buşlady. Gaýynatasyna tiken akgaýmasyny dynandygyny aýdyp, gelnimiziň meni begendirenine ýaňy iki gün geçdi. Alla janym, elmydama begenenden bolubereli-dä, hernä!» diýip, içimi gepledip oturyşyma, birden ýadymy bir zadyň gyjyklaýandygyny duýdum. «Hatlar, gazetler» diýip, daşymdan seslendim-de, çaltlyk bilen poçta gutymyzy barlamaga howlukdym. Pagtaçylar aýtmyşlaýyn, «pagtadan depip doldurylan haltalar» ýaly diýdirýän bukja gözüm düşübem, düýşümiň oraşan gelendigine tolgunyp gitdim. «Şükür Alla, oglumdan hat gelipdir, esger balamdan hat gelipdir» diýibem, bukjany açmaga durdum. Göwnüme bolmasa, mähirlije balamyň ellän sahypalarynyň ýylysy meniň barmaklaryma geçip, ýüregimi eredýän ýalydy. Onuň mydam gülüp duran ýüzüni, merdemsi keşbini, göni seredýän göreçlerini ýatlap oturyşyma, hatlaryň bir däl-de, üçdügine göz ýetirdim. Dessine-de özüme degişlisini alyp, okamaga durdum.

«Salam, mähriban käbäm! Ýagşymy taplaryňyz? Sag-aman işläp ýörsüňizmi, kakam, doganym, gelnejemdir jigilerim gurgunçylykmy? Maňa bu gözel dünýäni peşgeş berip, durmuşyň dogry ýollaryny öwredip, ösdürip ýetişdireniňize müň keren taňryýalkasyn aýdyp, siz bilen ýürek buýsançlarymy paýlaşasym gelýär. Çaga wagtym birden bir ýerim gatyja agyryp ýa-da ýykylyp aglaýsam: «Sen oglanjyk ahyry, näme gyz ýaly aglap dursuň, süpür gözýaşyňy! Sen nesip bolsa, ullakan adam bolmaly, okap bilim almaly, hünär öwrenmeli, esasy zat bolsa — Watan goragçysy bolup ýetişmeli. Bu eziz topragy diňe mert ýigitler gorap hem beýgeldip bilýändir. Nalajedeýinlere, namartlara hiç mahal Watany ynanýan däldirler. Men ejiz, lälik oglanyň däl-de, gaýduwsyz, dogumly ýigidiň ejesi bolasym gelýär, hakyky esgeriň ejesi» diýerdiňiz. Özem, mähribanym, siz maňa kiçiligimden «Görogly», «Gorkut ata» ýaly şadessanlary okap bererdiňiz. Görogly batyryň duşmanlaryny palaç seren ýaly edip, «It urşuny», «Wellemşahany» görkezip, ýeňiş gazanan ýerine ýeteniňizde, sesiňizi hasam batlandyryp, täsirli okardyňyz. Siziň hoş owazyňyz bilen hüwdülenip, nähili uklap galanymy bilmezdim. Şeýdip, siz meni hakyky Watan goragçysy bolmaga taýýarlan ekeniňiz. Men oňa indi-indi ýigit çykyp, esger lybasyny geýen wagtymda has hem göz ýetirdim.

Ogulbeg JUMAÝEWA,
žurnalist.