«Her kimiň keşbi ýaşaýan ýeriniň tebigaty bilen belli bir derejede baglanyşykly bolýar» diýilýän gürrüňiň hakykata golaýdygyny Gülýüzlä seredene aýan bolup durdy. Deňiz ýakasynda önüp-ösen gyzyň keşbinde deňziň düre meňzeş damjasynyň owadanlygy bardy.
Gülýüzliler Hazaryň Gyzylsuw adasynda ýaşaýardy. Kakasy ol ýere paýtagtdan iş üsti bilen iberilensoň, olar indi şu adaly bolup galypdylar. Deňiz durmuşy-da, olaryň maşgalasy üçin öwrenişikli bolup gidipdi. Kakasynyň deňizde balyk tutuşyny Gülýüzli kän saparlar synlapdy, onuň çaklaňja gaýygyna münüp, deňziň öz ýüzüni öpüp öwüsýän mylaýym ýellerine maýyl bolupdy.