Biz ýerine düşen islendik bir işi synlanymyzda: «Bäh, munuň üçin bu adam, gör, näçe zähmet çekendir» diýip içimizi gepledýäris. Aýal-gyzlarymyzyň nepislik bilen dokan halylary, suratkeşiň çeken ajaýyp suraty synlananda, teatrda artistleriň ýerine ýetirýän keşplerine tomaşa edilende, ýa-da gazetdir žurnallarda ýazylýan eserleri okalan pursadynda «Ine, hakyky ussat, tüweleme!» diýip, olaryň öz işlerine bolan höwesi üçin buýsanylýar. Her kim öz zähmet çekýän kärinde uly üstünlige ýetmegi, edýän işiniň jüpüne düşmegini arzuw edýär.
Siz Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde trolleýbus konduktory bolup işlän Wiktor Lukýanowyň başdan geçiren wakasy hakynda eşidipmidiňiz?! Ol günde işine gelşikli geýimlerini geýip, uly höwes bilen gatnapdyr. Çagalardan süýjülikleri, işe barýan uly ýaşly adamlardan bolsa süýji sözlerini gaýgyrmandyr. Trolleýbusyň içini bolsa owadan güller bilen bezäp, işe gyssanyp barýan adamlaryň ýüzlerinde şatlyk duýgusyny döredip, şähtlerini açmagy başarypdyr. Köp wagt geçmänkä bu täsin adam hakynda halkara syýahatçylyk kompaniýalarynyň biriniň eşitmegi we Wiktora öz kompaniýasynda stýuard wezipesini hödürlemegi bilen, indi ol öz şadyýan ýylgyryşy bilen syýahatçylary garşy alýar.