"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet

GÜL AÇÝAN ŞÄHER Ak ertire hem saba-sähere gözüm düşdi,

Däldir

Hasyl bolmasa-da gezgin arzuwda, Arzuwdan aldanmak kemçilik däldir.

Dana pikirler

Öňüň gara, yzyň gözle, Hoş sözüň diý, gahryň gizle,

Halkyň hazynasyndan

ANNA BABAJANYŇ GÜRRÜŇLERI Sungat diýlen düýpsüz ummany boýlan, il-halkyna şirin aýdym-sazlary bilen hyzmat eden, gül Watanymyzy, gözel durmuşy öz aýdymlarynda wasp eden saýrak dilli bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Anna Babajanowdyr. Bu mähriban adam bilen, şeýle hem onuň egindeşleri — Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Ata Orazow, bagşy Amandurdy Güjükow bilen maňa 1997-1998-nji ýyllarda Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň ýanyndaky bagşylar öýünde bile işleşmek nesip etdi. Bagşylar öýümiz gelim-gidimliň, saz-söhbetiň ojagydy. Ýaşuly halypalar aýdym-saza höwesek ýaşlara bagşyçylygyň inçe tilsimlerini öwredýärdiler.

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

MEN SIZE TABYNDYRYN Geçen asyrda ýazyjy Berdi Kerbabaýew, Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň başlygy döwründe, polkownik — ýazyjy Aşyr Nazarow onuň orunbasary bolupdyr. Bir gün edarada kiçiräk ýygnakda Berdi aga şeýle diýipdir:

Bir goşgynyň gudraty

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna «Adyň dünýä doldy, dana Pyragy» atly bäsleşige    

Pyragynyň şygyrlary — edep-terbiýe mekdebi

Watany jany-teni bilen söýen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şol söýgini kalbynyň çuňundan syzdyryp, setirlere siňdirip, halkyna şygyr arkaly serpaý edipdir. Çeper söze maýyl, şahyrana setirlere teşne halkymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini yhlas bilen öwrenýär, söýüp okaýar, wagyz edýär. Häzirki wagtda şahyryň edep-terbiýä ýugrulan dürdäne şygyrlary watansöýüjiligiň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň aýdymy bolup ýaňlanýar. Türkmen ýaşlarynyň bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji, arassa ahlakly bolup ýetişmeklerinde şahyryň öwüt-nesihata ýugrulan şygyrlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Magtymguly atamyz goşgularynda berkarar döwlet, Watany söýmek, agzybirlik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini sarpalamak, mätäje kömek-goldaw bermek, edepli-ekramly bolmak ýaly meselelere yzygiderli ýüzlenipdir. Bu gün beýik Pyragynyň edep-terbiýe baradaky döredijiligi türkmen ýaşlary üçin ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Asyrlaryň aýdymyna öwrülip, nesilleriň arabaglanyşygyny üpjün edýän şygyrlar umumadamzat gymmatlyklary hökmünde dabaralanýar.

Pyragynyň setirleri — tebigatyň owazy

Türkmen topragynda kemala gelip, bütindünýä şygryýetiniň asmanynda Güneş bolup parlaýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýüzýyllyklaryň dowamynda adamzat kalbynda ýaşap gelýän ruhy mirasdyr. Magtymguly Pyragynyň sözleri diňe bir adam, döwür, durmuş hakyndaky söhbet däl-de, olar tebigatdan çykýan owazdyr. Onuň her bir sözi — paýhas çeşmesi, her bir setiri — müňlerçe many siňdirilen hikmet hazynasy. Magtymgulynyň setirlerinde tebigatyň owazy ýaňlanýar. Her bir sözünde ýel-ýagmyryň sesi, bulutlaryň göçüşi, pasyllaryň öwrülişigi bar. Şahyr özüniň kalp gözüni tebigatyň aýnasyna öwrüp, dünýäniň müň bir syryny açýar. Belent daglaryň başynda Aý ýalbyrap doganda, ol: «Aý Güni, Zemin Asmany, //Söýen dek söýmüşem seni» diýip, söýginiň päkligini asman jisimleriniň üsti bilen suratlandyrýar.

Merwiň meşhur kitaphanalary

Häzirki döwürde ýurdumyzyň taryhy, şol sanda gadymy kitaphanalary bilen baglanyşykly maglumatlar içgin öwrenilýär. Şol taryhy kitaphanalaryň hatarynda gadymy Merwiň kitaphanalary-da bar. Bu kitaphanalarda dünýäniň belli alymlary işläpdirler we taryhda uly yz goýupdyrlar. Geçmişde Horasanyň merkezi bolan Merw şäheriniň şöhraty artyp, dünýä ýaýrapdyr. IX asyryň başlarynda al-Mamun Merw şäherini paýtagta öwrüpdir. Dürli ýerlerden gelýän adamlar özleriniň ylmy işleri üçin gymmatly maglumatlary Merwiň kitaphanalaryndan tapypdyrlar. Orta asyrda Gündogaryň uly ýurtlarynyň döwlet işgärleriniň, ylymly-bilimli adamlarynyň birnäçesi Merwde doglupdyr.

Wepalylyk (Hekaýa)

Çagalaryň, aýratyn-da, oglanjyklaryň güjüjekleri gowy görmeýäni barmyka?! Megerem, ýok bolsa gerek. Batyr bilen dosty Orazdurdy hem güjükleri diýseň gowy görerdiler. Bir gün olar özlerine güjük edinmegi ýüregine düwdiler. Orazdurdy Batyra şeýle teklip etdi:

Döredijiligiň edebi meýdany

Bugdaýym Penjesinden seçelenip daýhanyň,Şüdügär ýerlere düşen bugdaýym.Berekedi bu gözýetmez meýdanyň,Ömürlere ömür goşan bugdaýym.

Nusgawy edebiýatda tebigatyň waspy

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatyň hazynasydyr. Dana akyldar dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne äşgär eden ussat. Onuň ussatlygy, ilkinji nobatda, milliliginde we halkylygynda jemlenýär. Şahyr Garaşsyz döwletiň gurulmagyny isläp, süýji arzuwlaryň ummanynda gezip, Watana, tebigata bolan söýgüsini şygyrlarynda beýan edipdir. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy «Sähraýa aşyk bolmuşam», «Gençli şäher, Hydyr gezgen çöllerde», «Gadam goýsam sähralara, çöllere» diýen setirlerinde tebigatyň gözelligini wasp edipdir. Şahyryň şirin zybanyndan dörän «Türkmeniň» atly şygrynda:

Paýhas ummanyndan

• Daýhan, güýç goşulyp kuwwat güýjüňe,Nur-bereket insin altyn çäjiňe!Gurbanguly Berdimuhamedow. • Ekin meýdanynda yzy bolmadygyň harmanda ýüzi bolmaz.• Daýhandan hereket — ýerden bereket.• Dökün — höküm, harmany köpüm.• Edenli adam topragy altyna öwrer.• Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan.• Almany soý ýere, armydy saý ýere.• Daýhan mert — ýer jomart.• Sepilmedik tohum gögermez.• Sogan seýrek gögerse, düýbi uly bolar.Paýhas çeşmesi.

Tymsallar

SEBÄP Irki döwürlerde bir kerwenbaşy ýekeje ogluny hiç wagt ýanyndan aýyrmandyr. Hatda uzak ýurtlara gidende hem ony ýany bilen alyp gidipdir. Bir gezek kerwen uzak ýurtdan öz Watanyna dolanyp gelýärkä, bir guýynyň başynda ýük ýazdyryp, düşläpdir. Kerwenbaşy ogly bilen kerwendäki adamlaryň arasynda aýlanyp ýörkä horjuny agaç nahallarydyr, tohumlaryndan doly bolan bir ýolagça gözi düşüpdir. Şonda ogly kakasyndan şol nahallardan birini alyp bermegini haýyş edipdir. Soňra ol nahaly guýynyň golaýynda oturdyp, düýbüne suw guýupdyr. Kerwen ýene ýola düşüpdir. Aradan ýyllar geçipdir, oglan ulalypdyr. Ol hem edil kakasy ýaly ökde ýolbelet, kerwenbaşy bolup ýetişipdir. Ençeme ýyllar kerwenleri sag-aman öz menzillerine gowşurypdyr.

Aýdymly ömür

Arada türkmen poeziýasynyň meşhur şahyrlarynyň biri Gara Seýitliýewiň «Saýlanan eserler» ýygyndysyny gaýtadan okadym. Kitapda onuň: Watan seniň gollaryňa guwanýar,Dag göwsünden nebit alýan zor oglan.Ägirt senagatlar saňa daýanýar, Dag göwsünden nebit alýan zor oglan

Magtymgulynyň taglymatynda ömri dogry ýaşamak (Makalalar toplumy)

WAGTYŇY DOGRY PEÝDALANMAK: BU GÜNKI IŞIŇI ERTIRE GOÝMAZLYK WE TAÝM MENEJMENTIŇ ÄHMIÝETI Her günüň öz maksatlary, işleri we mümkinçilikleri bar. Düýpli sebäp bolmazdan, şu günki edilmeli işleri ertire, ertirki işleri bolsa başga günlere geçirmek bilen biz, aslynda, iň bir gymmatly zadymyzy — wagtymyzy ýitirýäris. Her geçen pursat, her geçen gün ömür kitapçasynda bir sahypanyň ýapylmagyna meňzeýär. Sebäpsiz soňa goýulýan iş ömrüň belli bir böleginiň hem boş geçýändigini aňladýar. Şu meseläni günümiziň temasyna öwürmek üçin Magtymguly atamyzyň bize ündewleri ýol-ýörelgedir. Wagty nähili ulanmalydygy baradaky pikirler akyldaryň tutuş döredijiligini gurşap alýar. Şu makalada Magtymguly Pyragynyň wagt baradaky taglymatynyň käbir durmuşy jähetlerini ildeşlerimiz bilen paýlaşmagy maksat edinýäris.

Depder sahypasynyň gyralaryndaky ýazgylar (Dostluk köprüsi)

ÖTGÜR HAŞIMOW (1941 — 2013),Özbegistanyň halk ýazyjysy. SÖÝGI NÄME?

Döwletmämmet Azady — beýik akyldar

Türkmen edebiýatynda görnükli yz galdyran Döwletmämmet Azady beýik akyldar we şahyrdyr. Ol halkyň içinde «Garry molla» ady bilen hem tanalypdyr. Maglumatlara görä, Azady oba mekdebinde okanyndan soňra Hywadaky medreseleriň birini tamamlaýar. Ol şol ýerde türki ýazuw edebiýatynyň dilini, arap we pars dillerini oňat öwrenýär. Ol dilleriň üsti bilen bolsa Gündogar şahyrlarynyň, taryhçylarynyň, filosoflarynyň eserlerini özleşdirýär. Öz döredijiligini hem şol ugur boýunça dowam edýär. Döwletmämmet Azady halk köpçüligi bilen oňat aragatnaşyk saklany üçin geňeşdar hasaplanypdyr. Ol ýiti pähimi, giň gözýetimi bilen halkyň durmuşyna göz aýlapdyr. Beýik akyldar ýaşan döwründe türkmenleriň milli döwletiniň bolmagyny isläp, agzybirlik, dost-doganlyk ýaly adalatly pikirleri öňe sürüpdir. Onuň pikiri «Wagzy-Azat» eserinde giňişleýin beýan edilýär. Şahyr «Wagzy-Azat» eserinden başga-da, eserleri, murapbaglary, birnäçe gazallary döredipdir. Olar dini äheňde ýazylsa-da, öz döwrüniň durmuşy, halkyň ýaşaýşy barada bolupdyr. Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserini dört bölege bölmek bilen, türkmen halkyna hyzmat etmäge çalşypdyr. Eserde ýurt parahatçylygyny berkarar etmek, ähli halky köp hasyl almaga çagyryş, ýerlerde köprüler, howuzlar, medreseler gurdurmak, adamlaryň arasynda oňat häsiýetleri döretmek ýaly pikirler beýan edilýär. Akyldar halk köpçüligine özbaşdak döwleti esaslandyrmaly diýen pi

Üstünlige ýetmek aňsatmy?

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Dur­muş gow­şak­la­ry ha­la­ma­ýar, edil gow­şak bol­ma­sa­-da, ju­da ak­ýü­rek­li, «po­la­dy ýum­şak» di­ýil­ýän adam­la­ry hem kä­te ýo­wuz sy­na­ga se­ze­war ed­ýär. Şeý­le ýag­da­ýa, köp­lenç, adam­la­ryň eden et­mi­şi ýa­da gü­nä­si hem se­bäp bo­lup du­ra­nok. Adat­ça, şeý­le sy­nag­lar ha­çan­-da yn­san ju­da jo­gap­kär­li işe baş goş­jak bo­lan­da dö­re­ýär. Bu — dur­mu­şyň sy­na­gy. Eger adam og­ly aň we be­den taý­dan agyr ýü­ki eg­ne al­ma­ga taý­ýar bol­ma­sa, dur­muş ony tap­la­mak üçin se­bä­bi nä­bel­li bo­lan kül­pet­le­ri ba­şyn­dan in­de­rip ug­ra­ýar. Şon­da özü­niň nä­me­de ýal­ňyş­lyk goý­be­ren­di­gi­ni tap­man, elew­räp ug­ran adam­zat ha­lys ke­le­biň uju­ny ýi­tir­ýär. Köp­lenç, tak­dyr­dan nä­ra­zy bol­mak, hat­da ýa­şa­ýyş umy­dy­nyň sö­neň­kir­le­me­gi ýa­ly ýag­daý­la­ra hem elt­ýän bu ýo­wuz sy­nag­lar, as­lyn­da, ada­my tap­la­mak üçin dö­re­ýär. Dur­mu­şyň ka­nu­ny öýüň düz­gü­ni ýa­ly se­niň is­le­gi­ňe bag­ly bol­ma­ýar. Bu ýa­şa­ýyş ka­nun­la­ry­nyň kä­te­-kä­te yz­gyt­syz da­ra­ýan­dy­gy üçin oňa «dur­mu­şyň de­mir ka­nu­ny» di­ýil­ýär.

Perzent hakda atalar sözi

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024