Pyragynyň setirleri — tebigatyň owazy

13 Noýabr 2024
282

Türkmen topragynda kemala gelip, bütindünýä şygryýetiniň asmanynda Güneş bolup parlaýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýüzýyllyklaryň dowamynda adamzat kalbynda ýaşap gelýän ruhy mirasdyr. Magtymguly Pyragynyň sözleri diňe bir adam, döwür, durmuş hakyndaky söhbet däl-de, olar tebigatdan çykýan owazdyr. Onuň her bir sözi — paýhas çeşmesi, her bir setiri — müňlerçe many siňdirilen hikmet hazynasy.

Magtymgulynyň setirlerinde tebigatyň owazy ýaňlanýar. Her bir sözünde ýel-ýagmyryň sesi, bulutlaryň göçüşi, pasyllaryň öwrülişigi bar. Şahyr özüniň kalp gözüni tebigatyň aýnasyna öwrüp, dünýäniň müň bir syryny açýar. Belent daglaryň başynda Aý ýalbyrap doganda, ol: «Aý Güni, Zemin Asmany, //Söýen dek söýmüşem seni» diýip, söýginiň päkligini asman jisimleriniň üsti bilen suratlandyrýar.

Arazdurdy GOŞJANOW,
Etrek etrabyndaky 5-nji orta mekdebiň mugallymy.