Häzirki döwürde ýurdumyzyň taryhy, şol sanda gadymy kitaphanalary bilen baglanyşykly maglumatlar içgin öwrenilýär. Şol taryhy kitaphanalaryň hatarynda gadymy Merwiň kitaphanalary-da bar. Bu kitaphanalarda dünýäniň belli alymlary işläpdirler we taryhda uly yz goýupdyrlar.
Geçmişde Horasanyň merkezi bolan Merw şäheriniň şöhraty artyp, dünýä ýaýrapdyr. IX asyryň başlarynda al-Mamun Merw şäherini paýtagta öwrüpdir. Dürli ýerlerden gelýän adamlar özleriniň ylmy işleri üçin gymmatly maglumatlary Merwiň kitaphanalaryndan tapypdyrlar. Orta asyrda Gündogaryň uly ýurtlarynyň döwlet işgärleriniň, ylymly-bilimli adamlarynyň birnäçesi Merwde doglupdyr.